Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet2/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuş:
1. Obrazlylyga siz nähili düşünýärsiňiz?
2. Durmuş hakykaty edebiýatda nähili şöhlelenýär?
3. Edebiýatyň jemgyýetçilik ähmiýeti näme?
4. Özbaşdak okan bir eseriňiziň mazmunyny aýdyp, gahry-
manlaryny häsiýetlendiriň.


5
ALTYN MIRAS
Pähimler
Akyl-parasada ýugrulan paýhasly sözlere 
pähimler
diýilýär. Pähimler adamzatda aň emele geleni bäri dowam 
edip gelýär.
Her döwrüň öz pähimli, parasatly, dana adamlary bolup-
dyr. Olar öz halkynyň gowy ýaşamagy üçin, adamlara söz 
bilen öwüt-nesihat edipdirler, olary dogry ýola çagyrypdyr-
lar. Wagtyň geçmegi bilen olaryň şol sözleri halkyň aňynda 
ymykly orun alypdyr we pähimlere öwrülipdir.
Süleýmanyň we beýleki pygamberleriň, Gorkut Atanyň, 
Oguz hanyň, Magtymgulynyň we başga-da şular ýaly bir 
topar dana kişileriň pähimleri türkmen halkynyň aňynda 
müdimilik orun tutupdyr.
Süleýmanyň pähimleri
(Bölekler)
Dilini saklan, köňlüni saklar.
Ykjam adamynyň hereketi bolçulyk döreder, tizbäheliňki 
görgi.
Dawa goşulmadyk adam, mertebeli kişidir.
Ýerini güýz sürmän, tomus bol hasyla tamakin bolan 
ýaltanyň hiç wagt göwün maksady çykmaz.
Oglanyň nähili adam bolup ýetişjekdigini onuň çagalyk-
daky pişesindenem aňmak mümkin.
Garyp galmak işlemeseň köp ýatma,
Gaharyň ýalňyşdyryp ýamanlyk etdirmegi mümkin, ýöne 
bilgeşleýin ýamanlyk edýän adam ýigrenjidir.
Mähir iň bir gazaply adamy-da ýumşadýandyr.
Şadyýan ýürek ýüzi güldürer, gamgyn ýürek meňzi sol-
durar.


6
Niýeti ýaman tertipsiziň sözüne ynanar, ýalançy – 
ýaňranyň.
Samsyga akylly gürrüň ýaraşmaz.
Öwüt-nesihat ýoluňy ýagtyldýan çyra ýalydyr. Wesýet – 
ýagtylyk, parasatly pähimler – ömre tarap ýoldur.
Ogurlyk suw – süýji, ýygşyrylyp goýlan çörek tagamly 
görünýändir, aldanaýmaň.
Musaýylaryň (ýewreýleriň) patyşalaryndan we pygamber-
lerinden biri bolan Dawudyň (b.e. öň 1038-nji ýylda doglan 
we b.e. öň 962-nji ýylda aradan çykan) ogly bolan Süleýman 
hem atasy ýaly ýewreýleriň patyşalaryndan we pygamberler-
inden biri bolupdyr. Rowaýatlarda aýdylyşy ýaly, ol ynsana, 
haýwana, mör-möjege özüniň hökmüni ýöredipdir.
Türkmen klassyk edebiýatynda Süleýmanyň ady adalat-
ly patyşanyň simwoly hökmünde häsiýetlendirilýär. Muňa 
Magtymgulynyň: «Süleýman sen, mura bir gulak goýgul» 
diýen setiri hem doly güwä geçýär. Bu ýerde Magtymguly 
eger sen ähli janly-jandara hökmi ýöreýän häkim bolsaň-
da garynja ýaly kiçijik jandaryň hem sözüni diňlegin diýen 
parasatly pikiri öňe sürýär.
Süleýman pygamberiň özi-de birnäçe parasatly pikirleri
paýhasly pähimleri miras galdyran akyldar bolupdyr. Muny 
onuň ýokardaky pähimleri-de tassyklaýar.
Süleýmanyň pähimleri durmuş hakykaty bilen bagly bo-
lup, olarda adamlaryň durmuşda özlerini nähili alyp bar-
malydygy barada öwüt-nesihat edilýär.
Süleýman pygamber öwüt-nesihata örän uly ähmiýet 
beripdir. Hut şonyň üçin hem onuň «Öwüt-nesihat ýoluňy 
ýagtyldýan çyra ýalydyr» diýmegi uly mana eýedir.
Süleýmanyň pähimlerinde esasan adamlara edepli, para-
satly bolmaklyk ündelýär.

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling