Adabiyot 6 (Turkm). indd


Döwhe Goja ogly Däli Dumrul boýuny beýan eder


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet4/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Döwhe Goja ogly Däli Dumrul boýuny beýan eder
Oguz illerinde Döwhe goja ogly Däli Dumrul diýen bir är 
bardy. Ol gury çaýyň üstünden köpri ýasap, kim şondan geçse, 
otuz pul alyp, geçmedikden bolsa ura-ura kyrk pul alardy.
Beýle etmegiň sebäbi, onuň özüne göwni ýetýändigin-
dendi. Ol: «Dünýäde meniň bilen söweşer ýaly menden 
däli, menden güýçli är barmyka, bir meniň bilen söweşse, 
meniň adym Ruma, Şama ýaýrasa!» diýip, öwünerdi we yr-
sarardy.
Bir gün şol köpriniň ýamajyna bir oba göçüp geldi. Şol 
obada bir ýagşy ýigit ölýär. Kim ogul diýip, kim gardaş 
diýip, aglaşarlar. Ol ýigit üçin uly ýas baglandy.
Nägehandan Däli Dumrul şol oba çapar ýetdi. Aýdar:
– Meniň köprimiň ýanynda näme üçin aglarsyňyz, bu 
ýas , bu gowga näme? – diýip, olaryň üstüne gygyrdy.
Olar:
– Hanym biziň bir ýagşy ýigdimiz bardy, şol öldi, şonuň 
üçin aglaşarys – diýip jogap berdiler.
Däli Dumrul:


10
– Siziň ol ýigidiňizi kim öldürdi? – diýdi.
Olar:
– Allatagaladan buýruk boldy, al ganatly Ezraýyl onuň 
janyny aldy… – diýdiler.
Däli Dumrul:
– Ol adamyň janyny alýan Ezraýyl diýýäniňiz kimdir? – 
diýip sorady. – Eý, kadyr alla, barlygyň haky üçin Ezraýy-
ly bir meniň gözüme görkez. Onuň bilen bir söweşeýin, 
çekişeýin, bu ýagşy ýigidiň janyny gutaraýyn hem indikide 
ýagşy ýigitleriň janyny almaz ýaly edeýin! – diýip dolanyp, 
öz öýüne bardy.
Hak tagalaga Dumrulyň sözi ýaramady. – Serediň-le, ol 
däli meniň uly dergahymda men-menlik eýlär – diýdi. Ez-
raýyla buýruk berdi:
– Eý, Ezraýyl! Bar, ol Däliniň gözüne görün, meňzini 
saraldyp, harladyp janyny algyl! – diýdi.
Däli Dumrul ýigitleri bilen öz öýünde iýip-içip otyrdy. 
Şol wagt Ezraýyl onuň ýanyna geldi. Onuň girenini gapy 
saklaýanlar hem görmediler. Birden-de Däli Dumrulyň gör-
er gözi görmez boldy, tutar elleri tutmaz boldy, dünýä-älem 
onuň gözüne garaňkyrap göründi.
Däli Dumrul Ezraýyla garap gygyrdy:
– Sen ne haýbatly goja sen, gapyçylar seni görmedi, 
çawuşlar seni duýmady, meniň görer gözüm görmez boldy, 
ellerim ysmaz boldy, meniň janym joşa geldi, altyn käsäm 
elimden gaçdy, agzymyň içi buz kibi boldy, süňklerim toz 
kibi boldy. Eý, sakgaljygy akja goja, gözjagazy çöňňe goja, 
ne haýbatly goja sen, diýgil maňa! – diýdi.
– Gadam belam tokunar, bu gün saňa! – diýdi. 
Muňa Ezraýylyň gahary gelip: 
– Eý Däli, gözümiň çöňňeligini ne halamaz sen. Men 
gözi owadan gyzlaryň, gelinleriň janyny köp aldym. 
Sakgalymyň aklygyny ne halamaz sen, ak sakgally ýigitleriň 
janyny köp aldym. Ine, sakgalymyň aklygynyň manysy 
budur – diýdi. – Hä, ýeri, sen: «Ezraýyl bir elime düşse, 


11
ony öldürip ýagşy ýigitleriň janyny onuň elinden gutararyn 
diýerdiň. Ynha, men seniň janyňy almaga geldim. Janyňy 
berermiň ýa-da meniň bilen jeň edermiň?» – diýdi.
Däli Dumrul:
– Hä, şol al ganatly Ezraýyl senmi? – diýdi.
Ezraýyl:
– Hawa, men – diydi.
– Şu ýagşy ýigitleriň janyny alýan hem senmi? 
– Hawa, men.
Däli Dumrul:
– Aý saklawlar, gapylary ýapyşdyryň! – diýip gygyrdy. 
Soňra Ezraýyla garap:
– Men seniň bilen giň ýerde duşuşmagy arzuw ederdim. 
Emma dar ýerde elime düşdüň, indi men seni öldürip, ýagşy 
ýigitleriň janyny gutararyn! – diýdi.
Ol gara gylyjyny syryp, Ezraýyly çapmak üçin hemle 
kyldy. Ezraýyl kepderi sypatyna öwrülip, penjireden çykyp 
uçup gitdi.
Däli Dumrul el çarpyp loh-loh güldi:
– Ýigitler, görüň Ezraýyly, men ony gaty gorkuzdym, ol 
gyssanjyna giň gapyny taşlap, dar penjireden guş bolup uçup 
gitdi, her ýere gitse-de, men ony sypdyrmaryn! – diýdi.
Ol ýaraglanyp atlandy, kowup gitdi, meýdanda birki 
sany gögerçini öldürip, öýüne gaýtdy.
Çölde Ezraýyl onuň atynyň gözüne göründi – at ürk-
di. Däli Dumruly göterip ýere çaldy. Ezraýyl onuň üstüne 
münüp bogup başlady. Däliniň bogazy harlamaga başlady.
Däli Dumrul:
– Aý, Ezraýyl aman!
Taňrynyň birligine ýokdur düman,
Men seni beýle bilmez idim,
Ogryn jan aldygyň duýmaz idim, 
Depesi beýik biziň daglarymyz bolar,
Ol daglarymyzda baglarymyz bolar,
Ol baglaryň gara salkymlary – üzümi bolar,


12
Ol üzümi sykarlar – al şeraby bolar.
Ol şerapdan içen esrik bolar,
Şeraplar iýdim-içdim doýmadym – 
Ne sözledim, bilmedim.
Beglik bile osmadym,
Ýigitlik bile duýmadym – 
Janym alma, Ezraýyl medet!
Onda Ezraýyl aýtdy:
– Aý, Däli, maňa näme ýalbarar sen? Allatagala ýalbar. 
Men hem bir ýumuş oglany, başga bir elimden gelýän zat ýok.
Däli Dumrul:
– Ýa-da jan berip, jan alýan allatagalamy? – diýdi.
– Hawa, şonuň özüdir.
– Onda sen bu ýerde näme işlär sen? Sen aradan aýryl, 
men allanyň özi bilen habarlaşjak.
Soňra ol alla ýüzlenip:
Sen hemmelerden belent sen, sen musulmanlaryň 
dilinde hemişe ýatlanar sen. Eger meniň janym almakçy 
bolsaň, özüň al, meniň janymy Ezraýyla aldyrma! – diýdi.
Däli Dumrulyň bu sözleri hudaýa hoş geldi:
– Eý, Ezraýyl, Däli meniň birligime şükür kyldy; eý Ez-
raýyl, Dumrula söýle: eger Däli Dumrul jan ýerine jan tap-
yp berse, onuň öz jany azat bolsun! – diýdi.
Ezraýyl hudaýyň buýrugyny Däli Dumrula habar berdi:
– Eý, Däli Dumrul allanyň emri – sen jan ýerine jan tap-
maly, seniň janyň azat bolsun!
Däli Dumrul aýdar:
– Men nähili jan tapaýyn? Ýöne meniň bir garry atam 
bilen garry enem bar. Gel, şolaryň ýanyna gideli, belki iki-
sinden biri janyny berer.
Däli Dumrul sürdi, atasynyň ýanyna geldi, onuň ellerin-
den ogşap söýlemiş, göreliň, ne söýlemiş:
– Ak sakgally, eziz yzzatly, janym atam, eşider bolsaň, 
şeýle bir waka boldy; küpür söz sözledim, bu sözler hu-


13
daýa ýaraman, Ezraýyla buýruk beripdir. Ezraýyl uçup ge-
lip, garnyma basyp mündi, hyrryldadyp meniň süýji janymy 
alar boldy. Men indi senden jan dilär men. Sen janyňy ber-
ermi sen, ýogsa «ogul, Däli Dumrul!» diýip aglarmy sen?
Onda atasy aýdar:
– Ogul-ogul, aý ogul, janymyň parasy ogul, dogdugyňda 
dokuz bugra öldürdigim, arslan ogul, tüýnügi altyn bowun 
ak öýümiň gabsasy ogul, gaza meňzär gyzymyň, gelnimiň 
bezegi ogul. Eger garşyda ýatan gara dagym gerek bolsa
söýle Ezraýyla, gelsin onuň ýaýlasy bolsun. Sowuk-sowuk 
suwlarym gerek bolsa, oňa içit bolsun. Teble-teble şabaz at-
larym gerek bolsa, oňa minit bolsun. Hatar-hatar düýelerim 
gerek bolsa, oňa ýüklet bolsun. Agyldaky akja goýnum ge-
rek bolsa, oňa iýmit bolsun. Altyn-kümüş pul gerek bolsa, 
oňa harçlyk bolsyn. Emma meniň üçin dünýä we şirin jan 
süýjüdir, men janymy gyýabilmen, sen şony belli bilgil. 
Ýöne söýgüli eneň ýanyna bar, belki, ol janyny berer.
Däli Dumrul atasyndan ýüz tapman, sürüp enesiniň 
ýanyna bardy.
Ol aýdar:
– Ene, bilermi sen näler boldy? Gök ýüzünden al ganat-
ly Ezraýyl uçup geldi, meniň göwsüme basyp mündi, harla-
dyp janymy alar boldy. Atamyň ýanyna jan diläp bardym – 
bermedi. Sen näder sen, janyňy berermi sen, ýogsa şaçyňy 
ýolup, ýüzüňi ýyrtyp: «Ogul, Däli Dumrul!» diýip aglarmy 
sen? Ajy dyrnak ak ýüzüňe çalarmy sen? Garga kibi gara 
saçyň ýolarmy sen? Ene!
Bu ýerde enesi söýlemiş, göreliň, ne söýlemiş.
Enesi aýdar:
– Ogul-ogul, aý ogul!
Dokuz aý dar garnymda göterdigim ogul,
On aý diýende, dýnýä ýüzüne getirdigim ogul,
Dolap-dolap ak süýdümi emdirdigim ogul,
Akja burçly hysarlarda tutulaýdyň, ogul,
Sasi dinli gäwür elinde tutulaýdyň, ogul,


14
Altyn akja güýjüne sygyban, seni gutaraýdym, ogul,
Ýaman ýere barmyş sen – bara bilmen.
Dünýä şirin, jan eziz, janymy gyýa bilmen.
Belli bilgil.
Enesi hem janyny bermedi. Ezraýyl hem Däli Dumrulyň 
janyny almaga geldi.
Däli Dumrul aýdar:
– Eý Ezraýyl, aman!
Taňrynyň birligine ýokdur güman.
Onda Ezraýyl aýdar:
– Ýeri Däli, indi näme aman dilär sen? Ak sakgally ataň 
ýanyna bardyň, jan bermedi. Ak bürenjekli eneň ýanyna 
bardyň, jan bermedi, dagy kim jan berse gerek!
Däli Dumrul aýtdy:
– Meniň aýalym bar, iki çagam bar, meniň oňa aýtjak 
zatlarym, etjek wesýetlerim bar. Maňa häzir rugsat ber, 
şondan soň janymy alar sen.
Ol sürdi, aýalynyň ýanyna bardy, aýdar:
– Bilermi sen näler boldy? Gök ýüzünden al ganatly 
Ezraýyl uçup geldi, meniň göwsüme basyp gondy, meniň 
şirin janymy alar boldy. Atamyň ýanyna bardym – jan ber-
medi, enemiň ýanyna bardym – jan bermedi, «Dünýä şirin, 
janymyz süýji» diýdiler. Indi:
Ýüksek gara daglarym saňa ýaýlag bolsun,
Sowuk-sowuk suwlarym saňa içit bolsun, 
Teble-teble şabaz atlarym saňa minit bolsun, 
Tünügi altyn bowun öýüm saňa kölge bolsun,
Hatar-hatar düýelerim saňa ýüklet bolsun, 
Agylda akja goýnum saňa şüwlen bolsun: 
Gözüň kimi tutarsa, 
Köňlüň kimi söwerse, 
Sen oňa bargyl, 
Iki oglanjygym oňsuz goýmagyl – diýdi.
Onuň aýaly söýlemiş, gözeliň ne söýlemiş:


15
Ne diýer sen, ne söýlär sen,
Gözüm açyp gördügim,
Köňül berip söwdügim,
Goç ýigidim, şa ýigidim…
Garşy ýatan daglary senden soňra men neýlärem,
Ýaýlar olsam, meniň görüm olsun,
Sowuk-sowuk suwlaryň içer olsam,
Meniň ganym olsun,
Altyn akjaň harçlar olsam,
Meniň kepenim olsun,
Teble-teble şabaz atyň müner olsam,
Tabytym olsun,
Senden soňra bir ýigidi söwüp barsam, bile ýatsam,
Ala ýylan bolup meni soksun,
Seniň ol muhannes eneň-ataň, 
Bir janda näme bar, saňa gyýmandyrlar!
Arş tanyg
1
olsun!
Kurs tanyg olsun, ýer tanyg olsun,
Gök tanyg olsun, kadyr taňry tanyg olsun – 
Meniň janym seniň janyňa gurban bolsun! – 
diýip, janyny bermäge razy boldy.
Ezraýyl ol aýalyň janyny almaga geldi. Emma 
adamsynyň ýoldaşyna gözi gyýmady. Ol hudaýa ýalbaryp 
başlady:
– Eý, uly taňrym! Uly ýollar üstünde seniň üçin ymarat-
lar saldyraýyn, aç görsem, doýraýyn – seniň üçin; ýalaňaç 
görsem, don edeýin – seniň üçin; alsaň ikimiziň janymyzy 
bile al, goýsaň hem ikimiziň janymyzy bile goýgul! – diýdi.
Däli Dumrulyň bu sözleri hudaýa hoş ýakdy. Ol Ezraýy-
la emr etdi:
– Däli Dumrulyň atasynyň, enesiniň janyny al. Ol iki 
halala ýüz kyrk ýyl ömür berdim! – diýdi. Ezraýyl onuň 
ata-enesiniň janyny aldy.
1
 Tanyg – gadymy türkmen dilinde şaýan, kepil manysynda gelýär.


16
Mundan soň Däli Dumrul öz ýoldaşy bilen ýüz kyrk ýyl 
ýaşady.
Dädem Gorkut gelibän, boý-boýlady, söý söýledi: «Bu 
boý Däli Dumrulyňky bolsun, muny menden soňraky alp 
erenler söýlesin, alny açyk jomart erenler diňlesin» diý-
di. Ýom bereýin hanym, ýerli gara daglaryň ýykylmasyn, 
kölegelije gaba agajyň kesilmesin, akgynly görkli suwuň 
guramasyn. 

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling