Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet3/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuş:
1. Pähimler näme?
2. Pähimler kim tarapyndan döredilýär?


7
“GORKUT ATA” EPOSY
(Bölekler)
Eseriň başynda Gorkut atanyň aýdan sözlerinden käbir 
mysallar.
Ölen adam direlmez. Çykan jan gaýdyp gelmez. Tekep-
biri taňry söýmez. Göwnüni ulumsy tutan adamda döwlet 
bolmaz. Ýatdan ogul bolmaz, külden depe bolmaz. Ýapa-
ýapa garlar ýagsa, ýaza galmaz. Ýapagly gök çemenler 
güýze galmaz. Köne pagta biz bolmaz. Garry duşman dost 
bolmaz. Gara güýje gyýmasaň, ýol alynmaz. Gara polat uz 
gylyjy çalmasaň, duşman dolanmaz. Malyna gözi gyýma-


8
dyk adamyň ady çykmaz. Gyz eneden görelde almasa, öwüt 
almaz, ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz. Ogul 
döwletli çyksa, ojagyň közüdir. Ataň ölüp, mal-dünýä gal-
masa, ogul nätsin! Başda döwlet bolmasa, ata malyndan ne 
peýda. Sizi bidöwletiň şerinden alla saklasyn.
Ata namart ýigit münebilmez, onuň müneninden mün-
medigi ýegdir. Çalyp kesýän uz gylyjy muhannesleriň 
çalanyndan çalmadygy ýeg. Çala bilen ýigide ok bilen gy-
lyçdan bir çomak ýeg. Myhman gelmeýän öýüň ýykyla-
ny ýeg. At iýmeýän ajy otlaryň biteninden bitmedigi ýeg. 
Adam içmeýän ajy suwlaryň syzanyndan syzmadygy ýeg. 
Ata-enäniň diýenini etmeýän, oňa hormat goýmaýan 
ogluň doganyndan dogmadygy ýeg. Atanyň ýurdunda ga-
lan ogluň döwletli bolany ýeg. Üç otuz on ýaşyň dolsun, 
hak size ýamanlyk görkezmesin.
Hawa, hanym, Dade Gorkut bir dahy sözlär. Göreliň ol 
ne sözlär:
Otluk ýeri keýik biler. Köküz
1
ýerler çemenlerin gulan 
biler. Iri-iri ýollary yzyn düýe biler. Ýedi dere ysyny tilki 
biler. Gije kerwen geçdigin torgaý biler. Ogluň kimdigini 
ene biler. Äriň agyr-ýeňlin at biler. Agyz ýük zähmin gatyr 
biler. Är näkesin, är jomardyn ozan
2
biler. Il-günde çalyp, 
aýdan ozan bolsun. Azyp gelen kazany taňry sowsun.
Hanym heý! Ozan aýdar:
…Öýüňe myhman gelende, gelen myhmany hezzetläp, 
seni ýoksuratmaýan aýal miýesser bolsun. Ertir bilen elin-
ýüzün ýuwman, dokuz ýazmaç bilen bir köpek (könek) 
ýogurdy dykyp, elin bykynyna diräp: «Şu öý gura! Äre 
çykalym bäri, doýa garnym doýmady, ýüzüm gülmedi, aý-
agym paşmak, ýüzüm ýaşmak görmedi. Şu bir ölse, men 
hem başga birine barsam» diýýän aýal ýigitlere duşmasyn, 
gapyňyzdan gelmesin. Irden turup, el-ýüzüni ýuwmazdan, 
1
Köküz – gamyş-gajyrly deňiz kenary.
2
Ozan – bagşy aýdyjy


9
gapy-gapy aýlanyp, obanyň ol ujundan bu ujuna çenli gezip, 
gybat edip, gürrüň diňläp, öýläne çenli gezip, öýüne geler. 
Görse ogry köpek onuň zatlaryny iýip-içip, bir-birine gatan-
dyr. Sygyrlar, towuklar öýüni agtar-düňder edendir, munuň 
üçin goňşularyna igener. Bardy-geldi öýüne myhman gelse, 
äri öýde bolup: «Tur, iýer-içer ýaly zat getir» diýse, «Bu 
ýykylmyş çatmada hiç zat ýok, düýe degirmenden gelme-
di, gelse-de, meniň suprama girsin» diýip, saçagyny kakar, 
diýseň, diýeniň bitmez, äriniň sözüne bakmaz. Bu zeýilli 
aýallardan alla saklasyn…
Sorag:
Gorkut atanyň aýdan sözlerinden haýsylary türkmen halk 
nakyllarynda ýa-da türkmen klassyk şahyrlarynyň dörediji-
liginde nähili görnüşde gabat gelýär?

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling