Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
- Bu sahifa navigatsiya:
- Yzlamaýan bolarmy
Soraglar we ýumuşlar:
1. Magtymguly bu goşgusyny haýsy temada ýazypdyr? 2. Şygyr adamlary durmuşda nähili bolmaga çagyrypdyr? 3. Magtymguly zähmetkeş halkyň güýjüne neneňsi baha beripdir? 4. Öwüt-nesihat temasyndaky eserlerden ozal haýsylaryny öwrenipdiňiz? Şu goşgy bilen öňki öwrenenleriňiziň arasynda umumylyk barmy? 5. Türkmenleriň myhmana goýýan uly hormatyna degişli gys ga söz düzümleri halk döredijiliginiň haýsy žanrynda bar? Olardan birini ýadyňyza saljak boluň. Yzlamaýan bolarmy? Bir käkilik aldyrsa körpe balasyn. Saýraý-saýraý, yzlamaýan bolarmy? Bir bilbil ýitirse gyzyl lälesin, Hasratyndan sözlemeýen bolarmy? Kürresi elinden gitse eşegiň, Telmirip her ýana, gözlär uşagyn, Akmaýa aldyrsa elden köşegin, Bagryn bozup, bozlamaýan bolarmy? Bala sesin diňlär, asyp gulagyn, Döke-döke göz ýaşynyň bulagyn, Bir jeren aldyrsa elden owlagyn, Mäleý-mäleý, gözlemeýen bolarmy? Agsagyň elinden alsaň agajyn, Ýaman derde düşer, tapmaz alajyn, Bir güýçli duşmana duşsa mekejin 1 , Jojugyny gizlemeýen bolarmy? 1 Mekejin – ýabany ene doňuz. 79 Aýralyga adam ogly neýlesin? Kim galar görmeýen ajal hilesin? Magtymguly, haýwan bilse balasyn, Ynsan bagryn duzlamaýan bolarmy?.. «Yzlamaýan bolarmy?» elegiýasy – şygry Magtym- gulynyň öz durmuşy bilen baglanyşykly döredilipdir. Mag- tymguly bu elegiýany ogullarynyň biri aradan çykanynda düzüpdir. Bu gynançly goşguda şahyryň, umuman, ynsanyň perzende bolan çäksiz söýgüsi, onuň ajy aýralygyna – ölümine bolan çuňňur gynanjy beýan edýär. Magtymguly öz gynanç duýgusynyň çuňlugyny aňlatmak üçin şygry ritoriki sorag (jogap talap etmeýän poetik sorag) forma- synda düzüpdir. Şahyr ritoriki soragy guş-gumrularyň, dür- li haýwanlaryň öz nesillerinden jyda düşenlerinde çekýän hasratlaryny, howp abananda olaryň üstlerinde perwaz uruşlaryny suratlandyrmak arkaly beripdir. Ol: Aýralyga adam ogly neýlesin? Kim galar görmeýen ajal hilesin? Magtymguly, haýwan bilse balasyn, Ynsan bagryn duzlamaýan bolarmy? – diýip, öz pikirini jemleýär. «Bagry duzlamak» – ynsanyň gynanjynyň iň aňrybaşydyr. Magtymguly şygyrda çeperçilik serişdeleriniň birnäçe- sini ussatlyk bilen ulanypdyr. Ol guşlaryň, haýwanlaryň (bilbiliň, käkiligiň, eşegiň, akmaýanyň, jereniň...) zaryn sesi arkaly ynsan durmuşyndaky ýagdaýy aňladýan göçme manyny – allegoriýany peýdalanypdyr. Magtymgulynyň bu şygyrda ulanan çeperçilik serişde- leriniň hemmesi şahyryň öz içki duýgusynyň güýçli aňladylmagyna hyzmat edýär. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling