Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet17/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuşlar:
1. «Ahyry deň bolar pil, peşe
jeňi» diýen setiriň manysyna 
nähili düşünýärsiňiz?
1
Lukman – Lukman hekim, tebip.
2
Rüstem – Ferdöwsiniň «Şanama» eseriniň baş gahrymany.


84
2. «Bile elten barmy bakyýa göçen?» diýen setiriň many-
syny düşündiriň.
3. Goşguda nähili legendar adamlaryň atlary ulanylýar? 
Olar barada nämeleri bilýärsiňiz?
4. Goşgynyň haýsy setirleri «Ýerin bilip gepleseň, ýüzüň 
nury dökülmez, ýerin bilip harçlasaň, jübiň puly tüken-
mez» diýen nakylyň manysy bilen gabat gelýär?
5. «Bolar sen» goşgusyny ýat tutuň.
Edebiýat teoriýasy. Elegiýa
Gaýgyly, gam-gussaly, gynançly ýagdaýlary beýan edýän 
goşgulara elegiýa diýilýär. Magtymgulynyň «Yzlamaýan 
bolarmy?» diýen goşgusy elegiýadyr.
Şahyrlar elegiýany diňe öz şahsy durmuşlary bilen 
baglanyşykly däl, eýsem başga adamlaryň, umuman, halk 
köpçüliginiň durmuşy bilen baglanyşykly hem döredýärler.
DIALOG
Çeper eserlerde iki we ondan hem köp şahyrlaryň per-
sonaž laryň arasynda pikir alyşmak, biri-birine düşünişmek 
maksady bilen bolýan gürrüňe gepleşik ýa-da dialog 
diýilýär.
«Habar ber – şeýledir» diýen goşgusy hem özboluşly di-
alogdyr. Bu goşgy dramatik eserlerdäki diologdan setirleriň 
kapyýalaşyşlary, şirinligi boýunça tapawutlanýar.
Dialoga mysal hökmünde, Dosmämmet şahyr bilen 
ka-kasy Gurbangylynyň «Aýdyşyk», ýene-de Dosmäm-
met şahyr bilen onuň Garyby diýen dostunyň «Garyby 
– Dosmämmet», Kätibi şahyr bilen Bibijemal atly gelniň 
«Salam almadyň, gelin!», ýene-de Kätibiniň Kasyt bilen 
«Sowal – Kätibi, jogap – Kasyt» sorag-jogap alyşýan 
goşgularyny, Şeýdaýynyň bir topar aýdyşyk goşgularyny 
hem görkezmek bolar.


85

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling