Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet16/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuş:
1. Şahyryň ýiti synçylygy, zehinliligi goşguda nähili ýüze 
çykarylýar?
2. Klassyk şahyrlaryň sorag-jogap görnüşinde goşgy döret-
mekleriniň düýp sebäbine nähili dýşünýärsiňiz?
3. Goşgynyň matallar bilen nähili baglanyşygy bar?
4. Bu goşgyny rollar boýunça okaň, ýat tutuň.
Bolar sen
Beýik daglar beýikligňe buýsanma,
Göweçde
1
suw bolan zer dek bolar sen.
Tereň
2
derýa, haýbatyňa guwanma,
Wagtyň ýetse, guryp, ýer dek bolar sen.
Daglaryň arslany, babyr-peleňi
3
,
Ahyry deň bolar pil, peşe

jeňi,
Jeýhun derýasynyň, Niliň näheňi
5
,
Gulagyna urlan har dek bolar sen.
Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda,– 
Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda,
Zalymlar har bolar, galar aýakda,
Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen.
Ýagşy bedew münen, hup mahbup guçan,
Bile elten barmy bakyýa

göçen?
Hakykat namartdyr imansyz geçen,
Iman bile barsaň, ner dek bolar sen.
Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň,
Dür bolsun daýyma, sözlegen sözüň,
Alymlara uýsaň, açylar gözüň,
Jahyllara
uýsaň, kör dek bolar sen.
1
Göweç – gymmat bahaly metallar eredilýän desga.
2
Tereň – çuň.
3
Babyr – gaplaň, peleň – ýolbars.
4
Peşe – çybyn.
5
Näheň – kit, krokodil, akula.
6
 Baky – o dünýä manysynda.


83
Lukman

dek her işiň çäresin bilseň,
Rüstem

dek döwlerni permana salsaň,
Iskender dek ýeriň ýüzüni alsaň,
Ýerde ýegsan bolup, ýer dek bolar sen.
Magtymguly, garap sözle daşyňny,
Jaýyn bilip, sarp et, bolsa aşyňny,
Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňny,
Är ýanynda gezseň, är dek bolar sen.
Magtymgulynyň «Bolar sen» goşgusy onuň akyl-parasa-
da ýugrulan dürdäne döredijiliginde möhüm orun eýeleýär. 
Goşguda adamlara durmuşda öz ornuňy tapmak barada 
öwüt-nesihat edilýär.
Şahyr her näçe güýçli bolsaň-da, elmydama päliňi pes 
tutmagy maslahat berýär. Şonuň bilen bir hatarda şahyr, ga-
ramaýak halky ruhy taýdan goldaýar. Olaryň zalymlar, ezi-
jiler tarapyndan horlanmagyna duýgudaşlyk bildirýär.
Şahyr ýagşylar bilen ýoldaş bolmagy, alymlara uýmagy, 
adamlaryň iň gowy gylyk-häsiýetleri hökmünde kesgitleýär.
Magtymguly söze, sözüň güýjüne uly sarpa goýýan 
şahyrdyr. «Bolar sen» goşgusynda-da, sözüň gudratyna uly 
ähmiýet beripdir:
Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň
ýa-da:
Magtymguly garap sözle daşyňny –
diýen setirlerinde şahyryň söze neneňsi derejede üns beren-
digine ýene-de bir gezek göz ýetirýäris.

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling