Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
- Bu sahifa navigatsiya:
- BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW (1927–2001)
Soraglar we ýumuşlar:
1. Goşguda çöregi harlamaly däldigi nähili wakanyň üsti bilen beýan edilýär? 2. Goşguda «Nanyň halkyň derinden dörän» diýilmegine nähili düşünýärsiňiz? 3. Şahyr goşguda halk döredijiliginiň haýsy žanrlaryndan peýdalanypdyr? 4. «Nan» sözüniň sinonimini aýdyň we onuň goşguda ula- nan ýerini tapyň. 102 BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW (1927–2001) Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Berdi- nazar Hudaýnazarow özi hem döwri hakdaky ýazgylarynyň birinde şeýle ýazýar: «Meniň çagalygym Ýerbendiň çölünde geçdi. Kakam bisowat çopandy. Biziň oturan Daşly guýymyz etrap merkezi bolan Bokurdak posýologynyň üç-dört kilometr gündogarynda ýerleşýärdi. Otuz ýedin- ji ýylyň awgustynyň dynç alyş günleriniň birinde ka- kam meni Bokurdaga özi bilen alyp gaýtdy. Magazinden süýji, köke alyp, yzymyza dolanmakçy bolanymyzda, ka- kamy bir jaýa çagyrdylar. Men öýe ýeke gaýtmaly bol- dum. Kakamyň şol gidişi boldy. Kän-kän ýyllar geçip, özüm ogluň atasy bolanymdan soň, onuň aklyk haty - ny – esassyz günälenendigi baradaky dokumenti aldym. 1941-nji ýylyň ýazynda biziň çarwa etrabymyzy Amy- derýanyň boýlaryna göçürdiler. Biz respublikanyň iň çetki etrabyna – Gyzylaýaga düşdük. Täze ýurda baran badymy- za diýen ýaly uruş turdy… Şahyr «Döwrün depesindäki adam» poemasynda şeýle diýýär: On bäş ýaşa ýetdik, bahar çagynda, On altyny bolsa ogurlatdyk biz. Şo ýaşda-da ýigit çykdyk bir demde, Wagtyň özündenem öňe gitdik biz. 103 Oglanlygyny urşa «ogurladan» B. Hudaýnazarow uruş ýyllarynda okuwynyň daşyndan obada işleýär. Onuň ilkinji goşgulary 1943-nji ýyldan Kerkiniň etrap gazetinde çykyp ugraýar. B. Hudaýnazarow ellinji ýyllaryň başyndan döredi- jilik işine ymykly girişýär. Ol «Döwrüň depesindäki adam», «Gyzgyn sähra» poema- larynyň, «Göreş meýdany», «Yzçynyň gözleri», «Haşar» powestleriniň, «Gumlular», «Akar suwuň aýdymy», «Gara- çägäniň ogullary» romanlarynyň, birnäçe goşgularyň awtory- dyr. Ýazyjy «Gumlular» romany üçin ýazyjy 1971-nji ýylda Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna eýe boldy. 1994-nji ýylda B. Hudaýnazarowa türkmen edebiýatyny ösdürmekdäki bitiren hyzmatlary üçin Magtymguly adyn- daky Halkara baýragy berildi. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling