Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet26/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuşlar:
1. Halynyň göllerinden nähili manylar aňlamak mümkin?
2. Dokma daragyň sesi goşguda nämä meňzedilýär?
3. Haly dokamak üçin ulanylýan gurallaryň atlaryny sanaň.
4. Halynyň gölleriniň atlaryny depderiňize ýazyp geliň we 
olaryň manysyny düşündiriň.


105
Ene süýdi
Biziň ilde enesini söýmegi
Ogla ündew etmek geň görülýändir.
Ene üçin öz janyny gaýgyrmak
Biwepalyk bilen deň görülýändir.
Biziň enemizden emen süýdümiz,
Oňa söýgi bolup geçmese gana.
Perzentlik duýgusyn nädip siňdirjek
Eňegine sakgal çykan haýwana?
Dönüklik edende enäň öňünde,
Biziň ilde ýigit diýmek gadagan.
Söýýän diýip, ýüz gezek ant içenden,
Biz bir gezek bolýas enä sadaga.
Biziň ilde enäniň ak süýdüniň,
Synagyndan diňe şeýdip geçilýär.
Bizde ene süýdi ýöne süýt däl-de,
Ol namysdyr-ar hökmünde içilýär.
Ene Watynyňy söýýändigiňi
Dile almak bizde görülýär aýyp.
Sebäbi oň perzendine öwrülýäs,
Howasyny sorup, duzuny iýip.
Biz ondan şunça zat alýarys welin,
Aldyk diýip hergiz dil hat berlenok.
Şonuň üçin, onuň ýumşun bitirip,
Sylaga göz dikmek uslyp görlenok.
Watanyna yhlas her bir ogulda
Bardyr diýip arzuw-umyt edilýär.
Ýöne biziň ilde şol yhlas hakda
Ýaňraman, ol diňe subut edilýär.


106
Süýt reňk daňlaryň beren emmesi
Biziň ilde diňe şeýdip haklanýar.
Sebäp eneleriň mukaddesligi
Watanyň keşbine geçip saklanýar.
«Ene süýdi» goşgusy iki bölekden ybarat bolup, birinji 
bölekde ene süýdi barada gürrüň edilýär. Şahyryň beýan 
edişi ýaly, «ene süýdi ýöne süýt däl-de, ol namysdyr-ar 
hökmünde içilýär». Ene süýdi – enemize söýgimiz bolup, 
biziň ganymyza siňýär. Şonuň üçin her bir adamyň ganynda 
enä bolan mukaddes söýgi bardyr. Şahyr enesini söýmeýän 
perzendi «eňegine sakgal çykan haýwana» deňeýär.
Goşgynyň ikinji bölegi Watan baradadyr. Şahyr Watany 
hem enä deňeýär. Watanyň howasyny enäniň ak süýdüne 
meňzedýär. Her säher turup soran howaň ene süýdi bilen 
barabardyr diýýär. Şonuň üçin Watan howasyny «süýt reňk 
daňlaryň beren emmesi» hasaplaýar.
«Enäni söýmek – Watany söýmekdir, Watany söýmek – 
enäni söýmekdir» diýen pikir «Ene süýdi» goşgusynyň için-
den eriş-argaç bolup geçýär.

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling