Adabiyot 6 (Turkm). indd


«Atam pylankesdi!» diýip, bukulmagyn ataňa, Ataň Görogly bolsa-da, il at dakar hataňa. 14


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet29/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

13
«Atam pylankesdi!» diýip, bukulmagyn ataňa,
Ataň Görogly bolsa-da, il at dakar hataňa.
14
Taşlama başlanyňy,
Başlama taşlanyňy.
Sanasaň-da dostuňy,
Sanama duşmanyňy.
15
Sen-ä maňa gözüň gidip seredýäň,
Menem saňa gözüm gidip seredýän.
Sen-ä uly bolmak arzuwyn edýäň,
Menem kiçi bolmak arzuwyn edýän.


112
Kiçiler ullakan bolmak isleýär,
Ulular nowjuwan bolmak isleýär.
Hiç haýsysy öz ýaşyna kaýyl däl – 
Özgäniň ýaşyny almak isleýär.
Özüniň şahyrana döredijiligi bilen türkmen edebiýatyn-
da öçmejek yz galdyran Kerim Gurbannepesowyň 
şygyrlarynyň diýseň gowy görülmeginiň sebäpleri näme? 
Onuň sebäbi, birinjiden, şahyryň pikiri bilen halkyň 
pikiriniň deň gelmegi, ikinjiden, şygyr setirleriniň akgynly-
lygy, beýan edilişiniň sadadan manylylygy, üçünjiden, çeper 
aňlatmalara, ýagny meňzetmelere, deňeşdirmelere, nakyl-
lara… baýlygy, dördünjiden, az sözde köp many aňladyp 
bilýänligi, galyberse-de mylaýym hem mähirli ýumora 
baýlygy, ony ýerlikli ulanyp bilýänligi… Ine, şu we şuňa 
meňzeş beýleki taraplary şahyryň şygyrlarynyň gymmatyny 
artdyrýar.
Şahyr özüniň goşgy hakyndaky bir goşgusynda şeýle 
ýazýar:
Gowy goşgy diýmek ajaýyp öýdür,
Ýerbe-ýer gerekdir gapysy-poly.
Diwary saz gerek, aýnasy ýagty,
Dulunda peç gerek, töründe haly…
Şahyryň jaýdar meňzedişi ýaly, dogrudan hem gowy 
goşgy ähli zady ýerbe-ýer bolan ajaýyp bir öýdür. Şahyr 
hem özüniň gowy goşgulary bilen halkyna baky synma-
jak ajaýyp ymarat galdyryp gitdi. Ýöne welin, şol öýde, 
şol ymaratda ýaşamagy hem başarmaly. Eger siz şahyryň 
goşgularyna dogry düşünip, onuň her bir setirine sarpa 
goýsaňyz, şol öýde ýaşamagy başardygyňyzdyr. Şonuň üçin 
biz ýokardaky goşgulara düşündiriş hem berip oturmalyň. 
Asla olar düşündirişe hem mätäç däl. Hemme zat aýdyň. 
Onda parasatly gojalaryň öz perzentlerine pähim-paýhasa 
ýugrulan öwüt-ündewleri öz aýdyň beýanyny tapýar. Ol 


113
goşgularyň many-mazmunyna özüňiz düşüniň, onuň äh-
miýetini özüňizçe düşündiriň. Ine, şonda siz şahyryň siz 
üçin gurup beren ymaratynda ýaşap bilýändigiňizi subut 
edersiňiz.

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling