Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
Soraglar we ýumuşlar:
1. «4-nji» goşgudaky «Adam üçin adam – iň uly derman» diýen sozüň manysyna nähili düşünýärsiňiz? 2. «6-njy» goşgudaky «Sag bol!» almak bilen garnyň doýanok, Ýöne beýle ajam bolup baranok. – diýen setirleriň manysyna nähili düşünýärsiňiz? 3. «12-nji» goşgudaky «Özüňi süýt saýgyn, dostuňy gaý- mak» diýen nakyly klassyk şahyrlarymyzdan haýsysynyň haýsy goşgularynda ula- nanyny ýadyňyza salyň. Olardaky tapawudy kesgitläň. 4. Goşgulardan isläniňizi ýat tutuň we labyzly aýdyp beriň. 114 HALYL KULYÝEW (1936–1978) Görnükli şahyr 1936-njy ýylda Lebap welaýatynyň Bi- rata etrabyndaky Şyharyk obasynda eneden dogulýar. Onuň ýaşlyk ýyllary Şyharyk obasy bilen bir hatarda Ga- ragalpagystan Respublikasynyň Dörtgül etrabynda ýerleşen Kelteminar obasynda geçipdir. Şahyryň kakasy Hywa medreseleriniň birinde bilim alan, öz döwrüniň sowatly adamlarynyň biri bolupdyr. Halyl 1943–1953-nji ýyllarda Birata etrabynyň merkez- inde ýerleşen mekdep-internatyny gutarýar. 1955-nji ýyla çenli Düýeboýun obasynda başlangyç mekdepde mugal- lym bolup işleýär. Okuwa, ylma bolan höwes Halyl Ku- lyýewi Aşgabada getirýär. Ol 1955-nji ýylda Magtymgu- ly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen fi lologiýasy fakultetine okuwa girip, çeper dil, şygyr bara- daky çylşyrymly ylymlary, dürli beýleki ylymlary erjellik bilen öwrenýär. 1960-njy ýylda ýokary okuw jaýyny gutarandan soň, uniwersitetde mugallym bolup işleýär. H.Kulyýew döredijilik işine talyplyk ýyllary çemeleşip başlaýar. Onuň ilkinji «Oňarmasaň sürme – diýdik» diýen goşgusy «Tokmak» žurnalynda çap edilýär. Soňra şahyryň goşgularynyň höwri köpelip, 1967-nji ýylda «Daň agarýar» atly ilkinji goşgular ýygyndysy peýda bolýar. «Daň aga- ranyny» habar beren şahyr, 1977-nji ýylda «Säher salamy» 115 atly ikinji goşgular kitabyny okyjylar köpçüligine peşgeş berdi. Türkmenistanyň halk şahyry Baýram Jütdiýew H.Kulyýewi şeýle ýatlaýar: «Inerler maýrylyp orta ýollarda galsa, merdiň gözüne ýaş aýlanýar. Gowy aýdym gap bilinden üzülende, biliňe depilen ýaly bolýar. Ýöne durmuş-da: inerleriňem öz yk- baly bar, aýdymlaryňam… Ýalňyz bolsaň ýetişerin ýanyňa, Seni ýeke goýman – diýen sözüň bar. Ýatlamalaň dumanyndan çyk-da gel, Alyslardan alyslarda galan ýar. Halyl topragy döwletli ýerden alnan ynsanperwer ýigit- di. Ol görmegeý dünýäni şahyr ýüregi bilen buýsançly söý- di, gadymy Üstýurdyň memleketleriniň aýdymyny aýtdy, ak daňlara ýüzüni tutup, gülgün şäherlere ogullyk salamyny berdi. Biz söwer dostumyzy söýdük hem, megerem, ýeter- lik söýmedik, goldadyk hem-de käbir halatlarda onuň gam- laryny paýlaşyp bilmedik. Ýeňşiň yz ýanlary. Bir topar çaga bazarçylaryň ýoluna seredip dur. Olaryň biri kakasyna garaşsa, ikinjisi agasyna garaşýar. Boýny buruk ýetim oglan hiç kime garaşanok. Ynha, birden goh turýar, «gelýärler» diýen begençli ses as- mana galýar. Ýöne… Gygyrdym: «Gelýärler-ä gelýärler...» Emma welin gygyrardym bir çetde. Halyl Kulyýewiň poeziýasynda bir topar öwüşgin göze ilýär. Onda ýumşaksy mylaýymlyk, ýürege juda golaý lir- izm, inçe ýaňzytma, wäşi ýomak bar. Şahyryň dil ussatlygyna gözüň gidýär. «Ýyldan ogryn- ça», «Göwnüm seni küýseýär», «Şol gözele duşanymda şu gezek», «Sähralar», «Degişme» ýaly goşgular çeper diliň 116 hökmürowan güýjünden kalbyňa hoştap bahar bolup girýär. Olarda şeýle bir şahyrana sözler bar – öz-özünden owaz tapyp jahanyň beýik sazlaşygyna goşulyp dur. Men şu ýerde, esasan, onuň poeziýasy hakynda gürrüň etdim. Şahyryň islendik goşgularyny okaň, ol Halylyň ykbalynyň bir bölegidir. Şygyrlar gaty aýdyňlyk bilen awtoryň gowy ýüregini hem-de pes pälini ile ýaýyp duran- dyr». Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling