Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet32/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuş:
1. Şahyr ene hüwdüsini nämelere deňeýär?
2. Goşguda eneleriň häsiýeti nähili görkezilýär?
3. «Dünýäniň bar görki enedir-ene» diýen temada düzme 
ýazyň.
Seýran etdim watany
Keşt etdim, aýlandym eziz Watany,
Arçaly çynarly daglary gördüm.
Torç etdim çölleri, gezdim sährany,
Bilbil mesgen tutan baglary gördüm.
Hoş geldiň diýýän dek başyn atdylar,
Kawkaz daglarynyň gyzyl gülleri.
Mähribanlyk bilen kabul etdiler,
Wurgunyň wasp eden Mugan çölleri.
Aýlanyp lälezar giň meýdanlara,
Içdim Zerewşanyň süýji suwundan.
Köp duşdum gül ýüzli gadyrdanlara,
Mydam hoşal boldy göwün göwünden.
…Dostlar men aýlanyp ýakyna-daşa, 
Gül Watanmyň ähli ýerine bardym.
Hemişe, her ýerde, her maşgalada,
Her öýde mähriban enemi gördüm.


119
Soraglar we ýumuş:
1. Şahyr Watana bolan söýgüsini nähili beýan edýär?
2. Goşguda Özbegistanyň haýsy ýeri wasp edilýär?
3. Goşgyny okap, «Her öýde mähriban enemi gördüm» 
diýen setiriň manysyny düşündiriň.
Bahar buşlukçysy
Gaýalaryň gary eräp bir eýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör: 
– Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.
Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi.
(Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar).
Bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi:
– Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.
– Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.
Lälezarda öwşün atýar gunçalar.
Ýodalary suwlap, ýuwdy topragy
Bahar buşlukçysy – hoştap damjalar.
Gaýalaryň gary eräp bir eýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Pikir beriň, ahmal galmaň, tijeniň:
– Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.
Soraglar we ýumuşlar:
1. Bahar hakynda ýazylan haýsy goşgulary ýatdan bilýär-
siňiz?

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling