Adabiyot 6 (Turkm). indd


 Şahyr baharyň gelşini nähili wasp edýär? 3


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet33/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

2. Şahyr baharyň gelşini nähili wasp edýär?
3. Goşgyny labyzly okaň we ýat tutuň.


120
GURBANNAZAR EZIZOW
(1940–1975)
Söýüň meni – ýürek söýgi küý seýär,
Şeýle bir küýseýär – ýok çaky-çeni,
Ýekeje adama ýeterlik söýgi
Bilen bir pursatlyk söýüň siz meni.
Gurbannazar Ezizow talantly türkmen şahyry, halk ýa-
zyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, 
dramaturg.
Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylda Gökdepe etrabynyň 
Söwütli obasynda eneden bolýar. Ol Aşgabat şäherindäki 
29-njy orta mekdebi, Magtymguly adyndaky Türkmen 
döwlet uniwersitetini üstünlik bilen gutarýar.
Gurbannazar ilki «Mydam taýýar», soňra «Edebiýat 
we sungat» gazetleriniň redaksiýasynda işleýär. Ol 1972-
nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistan ýazyjylar 
birleşiginde edebi maslahatçy bolýar.
G.Ezizow döredijilik işine talyp ýyllary başlaýar. Ol 
Watan, güýz peýzažy, uruş we parahatçylyk barada bir topar 
ajaýyp goşgulary, poemalary, drama eserlerini ýazdy.
Türkmenistanyň halk şahyry Kerim Gurbannepesow ze-
hinli şahyr Gurbannazar Ezizowy ýatlap, şeýle ýazýar: 
«Ykbal Gurbannazar Ezizowy altmyşynjy ýyllaryň ýaş 
şahyrlarynyň başynda goýupdy. Gögümtil gözleriniň içinde 
asmanyň gök reňki topragyň boz agraslygy görnüp duran 
bu ýaş ýigit olaryň hemmesiniň mygallymydy. Biz onuň 
şeýledigini aňardyk, ýöne özüne gönüläp aýtmazdyk. Beýle 
pikir ýaş ýigitde badyhowalyk döreder öýdüp çekinerdik…


121
Edebiýat iline her kim her hili gelýär. Biri tizlik bilen
birleri haýallyk bilen, Gurbannazaryň gelşi ýyldyrym ýaly 
boldy: bir gezek gowy lowurdap çykdy-da, gözümizden 
ýitdi. Emma şol bir gezekde etjek işleriniň eslisini etdi. Ol 
lowurdy uzak ýyllaryň dowamynda ýaş poeziýamyza sapak 
boldy.
Gurbannazaryň aňy örän çalt işlärdi. Ýoldaşlary onuň 
ýanynda täze goşgularyny okap berenlerinde, ol derrew 
(hatda goşgy okalyp gutarmanka-da), nämäň nämedigine 
örän çalt düşünerdi. Onda goşgynyň özenini duýmak ukyby 
bardy…
Gurbannazar Ezizowyň söýgüli şahyrlary Magtymgu-
ly, Puşkin, Lermontowdy. Şolar hakda gürrüň açsaň, onuň 
ýüzi-gözi ýagtylybererdi. Şol üç ägirdi birikdirip, şolaryň 
sintezinden türkmen poeziýasyny ösdürip bilsedik diýen 
manyda meniň ýanymda kän gezek ýaňzydypdy. Onuň 
döredijilik ösüşi şol ugurdan hem gidýärdi. Bu bolsa uly 
perspektiwaly ösüşiň ugrudy.
Şol ösüş gap-bilinden kesildi. Emma ol hakda entek-en-
tekler kän gürrüň ediler…»

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling