Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
- Bu sahifa navigatsiya:
- GARAŞSYZLYK EÝÝAMYNYŇ EDEBIÝATY GIÇGELDI MÄMMETGYLYJOW (1949–2007)
Soraglar we ýumuş:
1. Oguz han kim? Ol hakda geçmişde nähili eserler döre- dilipdir? 2. A.Atabaýewiň «Oguz han hakynda rowaýat» poema- synda nähili waka beýan edilýär? 3. Poemanyň ähmiýetine nähili düşünýärsiňiz? 4. Oguz han hakynda döredilen eserleri okaň we deňeşdi- rip görüň. 149 GARAŞSYZLYK EÝÝAMYNYŇ EDEBIÝATY GIÇGELDI MÄMMETGYLYJOW (1949–2007) Ýazyjy-şahyr Giçgeldi Mämmetgylyjow 1949-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Garagalapagystan Respublikasynyň Dörtgül etrabyndaky häzirki A.Durdyýew fermer hojalygyna garaşly Amyderýanyň kenar ýakasynda ýerleşen «Ata – oba» bölü- minde çarwa maşgalasynda dünýä inýär. Ýaşlykdan garry enesi Annabibi ejäniň elinde ter- biýelenýär. Annabibi eje türkmen we özbek halklarynyň halk döredijiligi eserlerini gowy bilýän, oňa uly sarpa goýýan ejeleriň biri bolupdyr. Ol ýaşajyk Giçgeldä edebiýata bolan höwesiniň ir oýanmagyna uly täsir edýär. 1956-njy ýylda obalaryndaky 9-njy orta mekdebiň birin- ji synpyna okuwa barýar. Ol okuwçy döwründe mekdepde çykýan «ýalkym»,»ýaşlaryň owazy» hem-de satiriki «Tok- mak» diwar gazetleriniň redkollegiýa agzasy bolup, gazetleriň döwrebap, gyzykly bolup çykmagy üçin hereket edýär. «Me- kdep radiouzeli gepleýär» atly radiogepleşigiň ýolbaşçysy bolup, hepdäniň geň-enaýy wakalaryny okuwçylaryň dyk- gatyna ýetirip, gepleşigiň täsirli bolmagyny gazanýar. Ol 1966-njy ýylda orta mekdebi üstünlikli tamamlaýar. 1967–1973-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girip, türk- men fi lologiýa fakultetini gaýybana tamamlaýar. 1971-nji ýylyň mart aýynda Daşkent şäherinde bolan «Ýaşlar» guramasynyň gurultaýyna Dörtgül etrabyndan del- 150 egat bolup gatnaşýar. 1972-nji ýyldan başlap, öz okan me- kdebinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işe başlaýar. G.Mämmetgylyjow döredijilik işine mekdepde okap ýörkä, ýagny 1965-nji ýylda başlaýar. Dörtgül etrabynda çykýan «Turtkulnoma» gazetiniň sa- hypalarynda makalalary çap edilýär. Garagalapagystan Respublikasynyň radio we telewideniýesinde dürli temalarda ýazan goşgulary bilen çykyş edip, halk köpçüliginiň mährini gazanýar. Onuň ilkinji «Surat» satiriki hekaýasy merhum Ata Agaberdiýewiň türkmen dilinden özbek diline terjime etmegi netijesinde «Turtkulnoma» gazetinde çapdan çykýar. Soňra «Mähir» hekaýasy okyjylar köpçüligine hödürlenýär. Halypanyň irginsiz zähmetini nazarda tutup, Dörtgül etrabynyň magaryf bolümi oňa «Uly mugallym» derejesine, 2002-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda «Garagalpagystan halk magaryf otliçnigi» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Häzirki wagtda şahyryň goşgulary Dörtgül etrabynda çykýan Garagalpagystan Respublikasy Türkmen Milli Mede- ni Merkeziniň «Mekan» gazetinde yzly-yzyna çap edilýär. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling