Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet48/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Sorag we ýumuş:
1. Goşguda nähili gowy pikirler beýan edilýär?
2. Goşgyny labyzly okaň we ýat tutuň.


165
DOGANLYK EDEBIÝATDAN NUSGALAR
OMAR HAÝÝAM
(1048–1131)
Pars edebiýatynyň taryhynda ägirt uly rol oýnan Gündo-
garyň beýik şahyry Omar Haýýam Eýranyň Nişapur 
şäherinde dünýä inýär. Omaryň kakasy Ybrahym çadyr tiki-
ji (haýam) bolup, şahyryň Haýýam lakamy-da, kakasynyň 
käri bilen baglanyşyklydyr. Şahyryň doly ady Kyýaseddin 
Abulfeth Omar ibn Ybrahym Haýýam Nişapurydyr.
Omar Haýýamyň mazary-da Nişapur şäherindedir. 
Omar gaty zehinli bolupdyr, şonuň üçin ony entek kiçi-
jikkä mekdebe beripdirler. Onuň ilkinji mugallymy Nasred-
din Şyh mu hammet Mansur ýaşajyk Omara yhlas bilen bil-
im beripdir.
Omar Haýýam Balh, Mary, Buhara, Samarkant, Yspyhan 
şäherlerinde okap, bilim alýar we döwrüniň matematika, geo-
metriýa, fi zika, geografi ýa, astronomiýa, fi losofi ýa, musul-
man hukugy, Kuran barada taglymat, taryh şeýle hem arap, 
pars dilleri we edebiýaty boýunça uly alymy bolup ýetişipdir.
Dünýä edebiýatynda Omar Haýýam meşhur rubagyçy 
hökmünde tanalýar. Ol özüniň dünýä meşhur rubagy-
lary bilen öz döwrüniň gabahat keşbini açyp görkezmegi 
başarypdyr. Şahyryň rubagylary bütin Orta Aziýa edebiýaty-
na, şol sanda türkmen klassyk edebiýatyna-da özüniň 
oňaýly täsirini ýetiripdir. 


166
Soraglar:
1. Omar Haýýam nirede dünýä inýär we ol nirede 
jaýlanypdyr?
2. Ol haýsy ylymlar boýunça meşhur alym bolupdyr?
3. Dünýä edebiýatynda Omar Haýýam haýsy ugurdan 
meşhurlyk gazanypdyr?
Rubagylar
Adamzatdyr ähli mahlugyň başy,
Zyýadadyr onuň akyly, huşy,
Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa,
Ynsandyr bezegi, zynaty, gaşy.
Aň-bilim ugrunda söý akyl-huşy,
Söýme bet kişini, ger tapsaň ýagşy,
Il-halka özüňi söýdürjek bolsaň,
Hoş gylyk bol, bolma ulumsy kişi.
Süňk-siňir, damaryň bar bolsa tende,
Bolmagyn durmuşda hiç kime bende,
Boýun egme duşmana, bolsa Rüstem Zal,
Ýalynma, Hatam dek dost bolsa sende.
Bilermiň horazlar her daňda-säher,
Gygyryp, zarynlap, gör näme diýer:
«Daňyň aýnasynda gördüm, ömrüňden, 
Bir gije geçdi, sen galdyň bihabar».
Bir küýzeçi gördüm düýn bazar güni,
Palçygyň üstünden depýärdi göni,
Bir zaryn ses bilen laý diýdi oňa:
«Men-de sen ýalydym, horlama meni».
Dost tutun sen aňly hem dogry kesden,
Müň agaç daşda dur gylygy pesden,
Iç, eger bilimli zäher berse-de,
Ýere dök, derman-da ýetse näkesden.


167
Jemşit Jamyn gözläp, jahany sökdük,
Gije-gündiz ýatman, dünýäni dökdük,
Bildik jam waspyny söýlände ussat:
Ol özümiz eken – nähak jan çekdik.
At-abraý gazanmagy oslasaň,
Söýülmegi ýüregiňe besleseň,
Jöhit, tersa, müminleriň yzyndan,
Gybat etme, bir ýagşy at isleseň.
Durmuş hem bagt üçin çalyşan akyl,
Her günde ýüz gezek eýleýär nakyl:
«Şat geçir ömrüňi, ýorunja dälsiň,
Orlup, gögermersiň, muny ýagşy bil!»
Gaýgy gamy hergiz başa getirme,
Hasrat çekip, laýa batyp oturma,
Kitapdan, gözelden, gülzardan geçme,
Şat geçir ömrüňi – gapyl ötürme.
Başarsaň, ynjytma hiç bir kimsäni,
Gazap odun ýakyp, berme nogsany,
Eger sen hemişe dynçlyk isleseň,
Ynjasaň-da, ynjytmagyn ynsany.
Çyn adamdyr diýme, köp diýp hünäri,
Seret ykraryna, barmydyr ary,
Sözüniň üstünde tapylan adam, 
Mertleriň merdidir – ärleriň äri.
Ajal okun atsa, galkanlar hiçdir,
Ähli baýlyklara bakmaýan güýçdür,
Her näçe syn etsem, dünýäň işine,
Ýagşylyk ýagşydyr – özgesi puçdur. 
Bil, taýýar eşretiň gadryn-mazasyn,
Wepasyz ýarlaryň çekme yzasyn,
Bil, ömür gymmatyn, çünki geçensoň,
Namaz dek okamak bolmaz kazasyn.


168
Asmanda ýerleşen gök ýyldyzlary,
Haýrana galdyrar akly düzleri,
Täleýiňi ýyldyzlardan agtarma,
Çünki sergezdandyr olaň özleri.
Durmuşyň syrlarna düşünsek eger,
Ölüm syrlarny-da adamzat biler.
Bu gün dirilikde bir zat bilmeseň,
Erte ölenden soň, ne bilmek bolar?
Her kimiň bar bolsa bir döwüm nany,
Oturyp-turmaga bolsa mekany,
Gul saklaman, gul hem bolman hiç kime,
Ömürboýy şat geçirsin jahany.
Ýatyrdym, diýdi bir akylly ynsan:
«Açylmaz ukudan bagt güli asan,
Daşda dur, ölüme barabar işden,
Köp zaman ýatjaksyň ýer bilen ýegsan».
Jahana ýetsedi mendäki kuwwat,
Bu harap düzgüni ederdim berbat,
Ýaňadan salardym şeýle bir dünýä,
Adamlar islegne ýeterdi aňsat.
Pars dilinden terjime edenler: Rahman Rejepow, Baýram-
mämmet Ahundow.

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling