163
Arzuw
Arzuw ediň, dostlarym,
Arzuw seniň durmuşyň,
Şodur bizi ýaşadýan.
Arzuw seniň päliňdir.
Arzuwly adamlara,
Ömrüňi ömür edýän,
Men goşgymy bagş edýän. Mizemez ykbalyňdyr.
Arzuw saňa sadyk dost,
Alla süýji arzuwdan,
Ýar ornunda ýaryňdyr.
Bizi aýra salmasyn.
Hiç zada çatyşmaýan,
Bir dilegim arzuwňyz,
Bu dünýede baryňdyr.
Arzuw bolup galmasyn.
Soraglar we ýumuş:
1. Goşguda arzuwyň adam durmuşyndaky roly nähili
nygta lýar?
2. Şahyryň özi nämäni dileg edýär?
3. «Guş –
ganaty bilen, adam arzuwy bilen» – diýen
pähimli sözleriň manysy hakynda pikir alyşyň.
4. Goşgyny labyzly okaň.
Derekler
Ekilende derekler,
Şahalaryň ujundan,
Ekilipdi bileje.
Alynypdy nahaly.
Ählisiniň içinde,
Ösýärdi ol çalaja.
Şol sebäpden adamam,
Bilmi düýpden almaly.
Ýanyndaky derekler,
Düýpden alnan derek deý,
Ösüp gitdi bireýýäm.
Belentlige galmaly.
Şolaryň saýasynda,
Galyp goýdy önjeýmän.
Bolmasa bu durmuşda,
Yza galsaň günüň kyn.
Çünki diýseň, derekleň,
Önjeýmedik derege,
Ekilenje mahaly. Meňzäp galmagyň mümkin.
Sorag we ýumuş:
1. Şahyr goşgynyň üsti bilen nämäni öwüt-ündew edýär?
164
2. Goşgynyň mazmunyny aýdyň.
Ak säherler öreniňde
Salam berip, başyňy eg,
Gudratdyr bu säher wagty,
Ak säherler öreniňde.
Duýup bilseň duýgul bagty,
Dilegin, iň gowy dileg,
Saçylsyn ýoluňa ýagty,
Ak säherler öreniňde.
Ak säherler öreniňde.
Geçen güne edip şükür,
Säher ýaly päk bolgun sen,
Gelen güne öwür pikir,
Her säher deý täk bolgun sen,
Ýüze sylmaly zat – bu bir,
Biliňe kuwwat borun men,
Ak säherler öreniňde.
Ak säherler öreniňde.
Do'stlaringiz bilan baham: