Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet46/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar:
1. Şahyr goşguda kim hakynda gürrüň edýär?
2. Bagşylaryň durmuşda nähili roly bar?


161
BEKMYRAT 
PAŞŞYÝEW
(1975)
Ynsan dünýä inip, ýagşy-ýamana göz aýlap, töweregindä-
ki zatlaryň uly-kiçisini, reňkini bilmeklige höwes döreýär. 
Ylaýta-da ýaş mahallarynda şol bir predmetiň reňkine, daşky 
keşbine, ýagny gözelligine-de gyzyklanýar. Şeýlelikde, 
ynsanyň özi kämilleşdigi saýyn onuň akyly, gözýetimi 
giňelýär. Şol bir gören zatlarynyň nähili ýüze çykandygyny 
bilmeklige ymtylýar. Bu ýagdaýlar ýaş çaganyň gelejekde 
ýiti zehinli, talantly bolmagyna getirýär.
Şeýle talantly ýaşlar hataryna kelteminarly Bekmyrat 
Paş şyýewi goşmak bolar.
B.Paşşyýew 1975-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Garagala-
pagystan Respublikasynyň Dörtgül etrabynyň Kelteminar 
obasynda işçi maşgalasynda eneden dogulýar. Ol 1982-nji 
ýylda şol obadaky Azady adyndaky orta mekdebiň 1-nji syn-
pyna okuwa barýar. 1992-nji ýylda şol mekdebi doly gutar-
yp, umumy orta bilime eýe bolýar. B. Paşşyýew mekdepde 
okaýan döwründe edebiýat birleşmesine aktiw gatnaşýar. 
Bu birleşmede «Mollanepes yşk mülküniň şasydyr», «Mag-
tymguly – söz ussady», «G.Ezizowyň poeziýasynyň çeper-
çiligi», «K.Gurbannepesow – meniň söýýän şahyrym» we 
şuňa meňzeş dürli temalar boýunça çykyş etmekligi onuň 
edebiyata bolan hyjuwyny ýene-de artdyrýar, sungata bolan 
höwesini güýçlendirýär.
Edebiýatyň dürli žanrlary barada öwrenmegi ýüreginde 
11 – Edebiýat, 6-njy synp


162
besleýär. Özbaşdak çeper eserleri okap, olary derňemegi 
höwes edýär hem-de poeziýa yşk etmek bilen özi hem 
goşgy düzmäge başlaýar. Onuň ýazan goşgularyna edebiýat 
mugallymy Rejepmyrat Myratnyýazow düzediş bererdi.
Ol 1992-nji ýylda Berdak adyndaky Garagalpak döwlet 
uniwersitetiniň fi lologiýa fakultetiniň türkmen dili we 
edebiýaty bölümine okuwa girip, 1997-nji ýylda tamam-
laýar. B. Paşşyýew şol ýyly Zelili adyndaky umumy orta 
bilim berýän mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugal-
lymy bolup, işe başlaýar.
Ol döredijilik işine mekdep ýyllarynda başlaýar. Ýaş 
şahyryň döredijiliginde K.Gurbannepesow, G.Ezizow ýaly 
şahyrlaryň täsiri uly.
Onuň özboluşly stili bar. Az setirde giň many bermek
ine, onuň esasy özboluşlygynyň biri.
Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy “Kelteminar bahary“ 
ady bilen 2009-njy ýylda neşir edildi. Bekmyrat Paşşyýewiň 
goşgulary etrap gazetinde neşir edilýär. Ol diňe şahyr hök-
münde däl, eýsem terjimeçi hökmünde-de tanalýar. Şahyr 
doganlyk özbek, garagalpak şahyrlarynyň eserlerini türk-
men diline terjime etdi. Onuň döredijilik tematikasy gün-
saýyn giňelýär.
Gurbanmät Aşyrow

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling