Soraglar we ýumuş:
1. Annak dagy okuwdan soň näme bilen meşgullanýarlar?
2. Annak nämeden zeýrenýär?
3. Olar «Durna gonan oýda» näme edýärler?
4. Annak bilen Meleje nämeden gorkýar?
5. Powesti dolulygyna okap çykyň.
6. Çagalaryň oýnaýan nähili milli oýunlaryny bilýär si ňiz?
Rejepmyrat Durdyýewiň «Oragatdy» powesti ýazyjy-
ny aýra tyn meşhurlyga eýe etdi. Bu eser türkmen okyjysyna
ýetensoň: Moskwanyň «Detskaýa literatura» neşirýatynda
1983-nji ýyly rus dilinde çap edildi. Soňra Germaniýada ne-
mes dilinde çykdy.
Powestiň şeýle adygandygyna garamazdan, ýazyjy ony bü-
tinleý ýaňadan işledi. Eseri has hem çeperleşdirdi, täze-täze
wakalar bilen baýlaşdyrdy. Täzeçe öwüşgine eýe bolan powest
1991-nji ýylda ikinji gezek neşir edildi.
Powestde Annakdyr Meleje ýaly çaga, Dürje ejedir Tö-
remyrat mugallym ýaly uly adamlaryň täsin obrazlary ýiti
ýumoryň üsti bilen çeper açylyp görkezilýär.
Belli çagalar ýazyjysy Nury Baýramow: «Men şu powesti
okanymdaky ýaly, şeýle çynym bilen hezil edip gülenim ýady-
ma düşenok. Bu örän uly zat. Bize häzir esasy ýetmeýän zat
şol ajaýyp gülküdir» diýip, uly baha berýär.
Powest diýseň ýeňil okalýar. Dili çeper. Meňzetmelere baý,
böleklerdäki «aşygyň alçy gopmak», «soňuna sogan ekmek»,
«toýnagyny gyzdyrmak», «ýalkasa – ýaz, gargasa – gyş» ýaly
ganatly söz düzümleri eseriň täsirliligini has-da artdyrýar.
Edebiýat teoriýasy. Powest barada maglumat
Durmuş wakalaryny, hadysalaryny hakyky, çeper, yzygid-
erli we giňden beýan edip, göwrümi boýunça hekaýadan uly
bolan eserlere powest diýilýär. Powestde hereket edýän gah-
rymanlar san taýdan hekaýa garanda köpdür. Onda birnäçe
wakalar biri-biri bilen baglanyşykly suratlandyrylýar. Muňa
mysal edip, R. Durdyýewiň «Oragatdy» diýen powestini
görkezmek bolar…
139
Do'stlaringiz bilan baham: |