Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet27/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuş:
1. «Ene süýdi» goşgusy näme hakynda?
2. Goşguda esasy öňe sürülýän pikir nämeden ybarat?
3. Ene we Watan hakynda başga haýsy goşgulary bilýär-
siňiz?
4. Goşgyny labyzly okaň.


107
KERIM 
GURBANNEPESOW
(1929–1988)
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky 
Döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-
njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Gökdepe etrabynyň Birinji 
Gökdepe obasynda doguldy. Ýedi-sekiz ýaşyndan şygyr 
düzmeklige bolan höwesi oýanyp ugraýar. Bu ugurda oňa 
kakasy Gurbannepes Ata ogly, kakasynyň dogany Şirnepes 
dagy görelde bolýar. Gurbannepes aga-da, Şirnepes aga-
da öz döwründe seýregräk hem bolsa goşgy düzer eken-
ler. Olaryň täsiri soňra ýaşjyk Kerime-de ýetýär. Şahyryň 
goşgy düzmäge bolan höwesiniň juda ir oýanmagynda 
mekdep mugallymlarynyň hem ep-esli ýardamy bolupdyr. 
Ilkinji goşgularynyň «Kolhozçy sesi» (1939), «Mydam 
taýýar» (1939), «Watan» (1941) gazetlerinde, «Tokmak» 
žurnalynda (1940) çap edilip başlanmagynda mekdep 
mygallymy Nurýagdy Agaýewiň kömeginiň bolandygyny 
şahyr soňra uly buýsanç bilen ýatlaýar. 
1942-nji ýykda Gurbannepes aga aradan çykýar. Atasyz 
galan maşgalany açlyk, horluk basmarlap ugraýar, onsoň 
olar garyndaşlarynyň ýanyna – Tejene göçmeli bolýarlar. 
Urşuň yz ýanlarynda Kerim Gurbannepesow Tejen etrabyn-
da çykýan «Zapçy» hem-de «Tejen gurluşygy» gazetleriniň 
redaksiýalarynda işleýär. 1949-njy ýylyň oktýabrynda 
goşun hataryna çagyrylýar. Esgerlik döwründe-de goşgy 


108
ýazmasyny bes etmeýär. Ilkinji goşgular kitaby hem 1951-
nji ýylda «Güýjümiň gözbaşy» ady bilen gulluk edýän 
döwründe neşir edilýär. Goşun gullugyndan boşap gelen 
wagtlary, 1953-nji ýylda ikinji goşgular kitaby «Esger ýüre-
gi» ady bilen halkyň arasynda giňden tanalyp ugraýar. Kita-
plary yzly-yzyna çykýar. Halk köpçüligi şahyryň «Taýmaz 
baba», «Ata we ogul», «Ajy günler, süýji günler», «Gum-
dan tapylan ýürek», «Aýal bagşy» ýaly gyzykly poemala-
ryny hem höwes bilen garşylaýarlar.
Kerim Gurbannepesow Aşgabatdaky Magtymguly ady-
ndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady. Türk-
menistan ýazyjylar birleşiginde, «Tokmak», «Garagum» 
žurnallarynda jogapkär wezipelerde işledi. Döredijilik işleri 
üçin ençeme baýraklara mynasyp boldy.
Kerim Gurbannepesow 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabryn-
da aradan çykdy. Emma onuň ady, ýazan eserleri türkmen 
halkynyň aňynda baky orun aldy. 

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling