Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
Soraglar we ýumuş:
1. B. Hudaýnazarowyň çagalyk döwri nähili geçýär? 2. Ýazyjynyň döredijilik işine başlaýşy hakynda gürrüň beriň. 3. Siz onuň nähili eserlerini bilýärsiňiz? Halyçy Seniň bahar ýüregiňde ýüwrdülip, Gözüň guwanjyndan çitilen haly. Göterip ýör seni, namysyň bolup Türkmen aýaly! Daňyň şapagyndan darka bölünip, Törüňe çaýylan öwüşgin ýaly. Göterip ýör seni, şöhratyň bolup Türkmen aýaly! Ak erişler, seniň ak arzuwyňdyr, Göwnüň gözelligi – gyrmyzy göli. Göterip ýör seni, seň yşkyň bolup, Türkmen aýaly! 104 Ykbalyňy ýazyp çitimler bilen, Sonar sähralarda alyp nagşyny, Kerwenleriň yzyn göle geçirdiň, Möhür edip basdyň Günüň dogşuny. Kakýan daragyndan çykýar dabyrap, Bedewleriň toýnagynyň owazy. Halynyň üstüne eglen badyňa, Kükäp gelýär giň sähranyň howasy. Alkyşlap gadymy Günüň şöhlesin, Taryplap dünýäde halal çöregi. Halyň bilen aýlanyp ýör älemi, Türkmenleriň şahyrana ýüregi! Türkmen aýal-gyzlarynyň edep-ekramlary bilen bir hatar- da, çeper elleriniň hünärleri hem olaryň adamkärçilik sypat- laryny bezeýär. Gelin-gyzlaryň dürli-dürli el hünärleriniň ara- synda halyçylyk käri gadym döwürden bäri olaryň aýrylmaz hemrasyna öwrülip gelýär. Türkmen zenanlary öz dokan ajaýyp halylary bilen dünýä ýüzünde şöhrat gazanypdyrlar. Ine, B. Hudaýnazarowyň «Halyçy» goşgusy şeýle şöhratly türkmen halyçysynyň at-abraýyny taryplaýan, olaryň bu mu- kaddes el hünärini wasp edýän şahyrana eserdir. Goşgynyň her bir setiri halynyň her bir çitimi, göli ýaly gözel hem şahyrana. Goşguda halynyň «Türkmenleriň şahyrana ýüregi» bilen deňelmegi ýöne ýerden däldir. Çün- ki türkmen zenany öz dokan halysyna türkmen halkynyň iň ajaýyp arzuw-isleglerini siňdirýär. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling