Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
- Bu sahifa navigatsiya:
- Adam we toprak
Soraglar:
1. Gara Seýitliýewiň poeziýasynyň esasy tematikasy näme- lerden ybarat? 2. Şahyryň haýsy kitaplaryny bilýärsiňiz? 3. Ýurdumyzy bag-bossanlyga öwürmek barada siziň şähe- riňizde (obaňyzda) nähili işler amala aşyrylýar? Adam we toprak Bar eneler garraýarlar dünýäde, Diňe sen garraňok, ene topragym, Sen ebedi juwan goja dünýäde, Seni soldurmaýar sene, topragym, Al-ýaşyl geýinen, sona topragym. Gyş gelende agarsaň-da azajyk, Ýaz gelende juwan ýene, topragym, Ýaşa sen ýaz ýaly ýüregi açyk, Ýaz ýaly mähriban, ene topragym, Al-ýaşyl geýinen, sona topragym. Bu dünýäden ötüp gidýän eneler, Saňa goýup gidýär öz balalaryn. Öz göwsünden ak süýt berip, ene ýer, Sen etmeli hemmäň tagallalaryn, Saňa goýup gidýär öz balalaryn. Seň göwsüňde diriligiň çeşmesi, Seň goýnuňda dünýäň zowky-sapasy, Seň goýnuňda sekiz jennet sapasy, Çäksiz sende ene mähriň joşmasy, Çäksiz saňa balalaryň wepasy. 7 – Edebiýat, 6-njy synp 98 Wepaly balalaň iň wepalysy, Neslimiň adyndan seni gujaklap, «Enesiz galmasyn ynsan balasy!» Diýip, ene toprak gözünden ogşap, Saklarys biz seni howpdan gorap. Bar eneler garraýarlar dünýäde, Diňe sen garraňok, ene topragym, Sen ebedi juwan goja dünýäde, Seni soldurmaýar sene, topragym, Al-ýaşyl geýinen, sona topragym. Şahyr «Adam we toprak» diýen goşgusyny watançylyk joşguny bilen ýazypdyr. Goşguda topraga bolan guwanç, mähirli söýgi Ene söýgüsi bilen utgaşdyrylyp beýan edilýär. Toprak ýöne ýerden Enä deňelenok. Şahyryň aýdyşy ýaly, “dünýäde bar eneler garrasalar-da, toprak garramaýar. Enel- er bu dünýäden ötüp gidäýseler hem, öz balalaryny topraga goýup gidýärler. Şonuň üçin olaryň tagallasyny, aladasyny Ene bolup toprak etmeli”. Dünýädäki ynsanlaryò enesi, ekleýjisi toprakdyr. Şonuň üçin hem oňa ene toprak diýýäris. Dünýäde her bir ynsan ene topraga sarpa goýmalydyr, ony gözüniň göreji ýaly gorap saklamalydyr, bu onuň watançylyk borjudyr – ine goşguda şular ýaly asylly ideýa öňe sürülýär. «Adam we toprak» goşgusynyň düzüliş formasy şahyryň içki joşgunyny ýüze çykarmaga oňaýly ýardam edýär. Onuň setirleriniň käte başaşa, käte halkalaýyn kapyýalaşdyrylmagy, käte hem şol bir setiriň her bendiň ahyrynda gaýtalanyp gelmegi, goşga özboluşly öwüşgin berýär. Başky bäş setiriň goşgynyň ahyrynda-da tutuşlygyna gaýtalanmagy, goşguda aýdyljak bolunýan pikiri has-da aýdyň ýüze çykarýar. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling