Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet18/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

XX ASYR EDEBIÝATY
BERDI KERBABAÝEW
(1894–1974)
Ýazyjy öz k tabynyň üst b len hal-
ka ömür tejr bes n , öz düşünjes n , p -
k r n hem öz duýgusyny hödür 
leýär… 
Çynlakaý ýazyjy be lent maksat ugrunda 
okyjy b len ýüzbe-ýüz, ýürekdeş, göwün-
deş sözleşmek üç n zähmet çekýär.
Berdi Kerbabaýew
Türkmen edebiýaty hakynda gürrüň edilende, ilkinjileriň 
hatarynda Berdi Kerbabaýew göz öňüne gelýär. Berdi Kerba-
baýew şeýle hormata özüniň ajaýyp eserleri arkaly mynasyp 
boldy. «Aýgytly ädim» romanyny, «Aýsoltan» powestini diňe 
türkmen halky däl, daşary ýurtlaryň onlarçasynyň halklary öz 
ene dillerinde uly höwes bilen okaýarlar.
Şeýle ajaýyp eserler bilen türkmen halkynyň geçmişini, 
häzirki durmuşyny dünýäniň ençeme ýurtlaryna äşgär eden 
görnükli ýazyjy-şahyr hemmeler tarapyndan hormatlanylýar.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýew 1894-
nji ýylda Tejen etrabynyň Gowkuzereň obasynda dogulýar.
Döredijilik işine 1923-nji ýyldan başlan Berdi aganyň 
ýazan eserleri köpdür. Onuň «Gyzlar dünýäsi», «Aýlar» 
ýaly poemalary, «Batyr», «Arslan», «Yhlasa – myrat» 
ýaly hekaýalary, «Baýram», «Gurban Durdy», «Aýsoltan» 
ýaly powestleri, «Göterim», «Magtymguly» ýaly pýesal-
ary, «Aýgytly ädim», «Gaýgysyz Atabaý», «Nebitdag», 
«Suw damjasy – altyn dänesi» ýaly romanlary millionlarça 
okyjylara estetiki lezzet berýär. Onuň eserleriniň birnäçesi 
ençeme gezek täzeden neşir edilip, okyjylar köpçüligine 
ýetirildi. Berdi Kerbabaýewiň eserlerini okan her bir okyjy 


86
onuň türkmen halkynyň geçmişini, häzirki durmuşyny örän 
ussatlyk bilen suratlandyryp bilendigine göz ýetirip biler. 
Şol eserler daşary ýurtly okyjylara-da, türkmen halkynyň 
durmuşy bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu 
barada hindi ýazyjysy Ýaşpal şeýle ýazýar:
«Men türmede otyrdym. Şu kitap meniň elime birden 
iňlis dilinde düşdi. Kitapdaky gidýän waka meniň halkymyň 
ykbalyna kybapdaş bolany, meni gozgalaňa salany üçin 
«Aýgytly ädimi» men şol ýeriň özünde, ýagny türmede 
iňlis dilinden hindi diline terjime edip başladym…»
Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň akademigi Berdi 
Kerbabaýew jemgyýetçilik işgäri hökmünde hem giňden 
tanalýardy. Ol köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň 
ýazyjylaryna ýolbaşçylyk etdi. Onuň daşary ýurtlarda 
bolanynda galan täsirleri barada ýazan oçerklerini okyjylar 
höwes bilen okaýarlar.
Berdi Kerbabaýew ökde terjimeçi. Ol Mürze 
Ibragimowyň «Ol gün geler», Aýbegiň «Nowaýy» roman-
laryny, Musa Jeliliň Moabit türmesinde ýazan goşgularyny 
türkmen diline terjime etdi. Onuň terjime eden eserleri 
okyjylaryň kitap tekjelerinde mynasyp orun tapdy.
Gafur Gulamyň: «Berdi Kerbabaýew diýende türk-
men edebi ýatynyň mynasyp wekili, atly ýazyjysy we bü-
tin Gündo garda tanalýan jemgyýetçilik işgäri göz öňüne 
gelýär», Süleýman Ragymowyň: «Myrat ogly Berdi 
Türkmenistanyň Elbrusydyr» diýmekleri tanymal ýazyjynyň 
dünýä ýüzünde giňden meşhurdygyny aýdyň görkezýän 
mysaldyr .
Berdi Kerbabaýew türkmen halkynyň milli guwanjydyr.

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling