Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet11/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuş:
1. Eposa «Görogly», «Kerogly», «Körogly» diýilmeginiň 
sebäbi näme?
2. Siz eposyň haýsy şahalaryny bilýärsiňiz?
3. Eposy toplamakda, çapa taýýarlamakda kimler nähili 
işler bitirdiler?


71
4. «Görogly» eposy boýunça haýsy bagşylar nähili aýdym-
lar aýdýarlar?
5. «Gorogly» eposyny tutuşlygyna özbaşdak okaň.
Edebiýat teoriýasy. Epos barada düşünje
Halkyň gahrymançylykly geçmişini suratlandyrýan 
beýan etme, hekaýawyý häsiýetli eserlere epos diýilýär. 
Epos – grekçe «söz» diýmekdir. Epos drama we lirika ýaly 
edebiýatyň beýan etme häsiýetde bolan žanrydyr. Onda 
durmuş wakalary has giň, töwerekleýin hem çuňňur beýan 
edilýär. Muňa türkmen halkynyň eposy «Görogly», ermeni 
halk eposy «Dawid Sasunly», gyrgyz halk eposy «Manas» 
we başgalar mysal bolup biler. 
«Görogly» eposynyň aýratynlygy, onda proza bilen 
poeziýanyň utgaşdyrylyp berilýänligindedir.


72
KLASSYKY EDEBIÝAT
MAGTYMGULY
(1723–1791)
Türkmen edebi diliniň düýbüni tutujy beýik akyldar şahyr 
Magtymguly Gürgen derýasynyň boýunda, Hajygowşan 
diýen ýerde dünýä inýär. Etrek, Gürgen sebitlerinde önüp-
ösýär. Ol gökleňleriň gerkez taýpasyndan bolupdyr.
Bu barada Magtymgulynyň özi: «Äleme belgilidir» atly 
gazalynda şeýle maglumat berýär:
Ýaz geler, wagt-da gider, gafl ata çykmyş gözlerim, 
Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr;
Bilmeýen soranlara aýdyň, bu garyp adymyz:
Asly – gerkez, ýurdy – Etrek, ady Magtymguludyr.
Pyragy – Magtymgulynyň edebi lakamy bolupdyr. 
Magtym gulynyň kakasy Döwletmämmet Azady döwrüniň iň 
sowatly adamlarynyň biri bolmak bilen, ol «Wagzy-Azat», 
«Behşitnama» ýaly poemalaryň hem awtorydyr.
Magtymgula başlangyç bilimi kakasy berýär. Soňra şahyr 
Halaçdaky Idris baba medresesinde, Hywadaky «Şirgazy 
han» medresesinde, Buharadaky «Gögeldaş» medresesinde 
okap bilimini artdyrýar.
Magtymguly özünden öň ýaşap geçen Gündogaryň beýik 
şahyrlarynyň, şeýle hem halk döredijiliginiň eserleri bilen 


73
ýakyndan tanyşýar. Bu onuň döredijiliginiň hertaraplaýyn 
kämil bolmagyna getirýär.
Şahyryň döredijiligi diýseň köptaraplydyr. Dagynyk 
ýaşan türkmen tire-taýpalaryny bir ýere birleşdirmek, bite-
wi bir döwlete gulluk etmek ideýasy onuň döredijiliginiň 
içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu barada «Döker bolduk 
ýaşymyz» goşgusynda şeýle diýýär:
Türkmenler baglasak bir ýere bili,
Gurudars Gulzumy, derýaýy-Nili.
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
Magtymguly irde-giçde şeýle agzybir döwlet gurlup, 
zalymlaryň aýak astyna düşüp, garyp zähmetkeşiň ýurt eýesi 
boljakdygyna tüýs ýürekden ynanypdyr.
Zalymlar har bolar galar aýakda,
Garyp sen ýyglama, şir dek bolar sen. 
Türkmen halkynyň beýik şahyry, onuň milli guwan-
jy Magtymgulynyň sarpasy bu gün diýseň belent tutulýar. 
Medeniýet edaralaryna, mekdeplere, köçelere, ýokary okuw 
jaýlaryna şahyryň ady dakyldy. Ýazyjy-şahyrlarymyz çeper 
eserleriň üsti bilen edebiýatda Magtymgulynyň edebi obra-
zyny janlandyrdylar. Her ýylyň maý aýynda Magtymguly 
günleri dabaraly bellenilip geçilýär. Magtymguly adynda-
ky Halkara baýragynyň döredilmegi beýik akyldar şahyryň 
halkara abraýyny ýene-de bir gez beýgeltdi.

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling