Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
Akyl we baýlyk
(Erteki) Bir bar eken, bir ýok eken, Bir garry ýaşaýan eken. Onda akyl kän eken, Dört ogly bar eken. Ýygnap ol ogullaryn, Beren şeýle sowallaryn: – “Men garradym, gaçdy güýjüm, Diňläň sözüm, genje jüýjäm. Haýsyňyz akylly hem baý, Subut ediň, ýürege jaý? Şirin sözlülik bir kärdir, Ýeňijiňiz mirashordur”. Uly ogly çykyp orta, Diýdi sözlerini şarta: “Elimde altyndan ýüzük, Maňa diýrler «Bu has düzük» Ýüzi görkli, özi baýdyr, Golda ýüzük, akly jaýdyr”. Ikinji durup nobata: “Meniň sözüm diňle, ata. Egnimde zerli donum bar, Bu baýlygyň nyşany bor. Zerli don baýlaryň dony, Don astynda akyl käni. 230 Gören maňa diýer «Baý» Akyly danalara taý”. Üçünji durup nobata: “Men aýdaýyn, diňle ata. Ýürek janly, urýar damar, Kümüşden zerlenen kemer. Danalykda akyl köpdür, Bu kemeri daňan ýokdur“. Garry çaýkap altyn başyn, Ýagşy synlap, degre-daşyn. Agram berip penjesine, Ýüzlenip, ol genjesine: „Sözle genjäm, dymman sen-de, Şat bolaýyn diňläp, men-de. Iň kiçijek düwünçek sen, Näme bilen öwünjek sen?“. „Altyn ýüzük känim ýokdur, Hem zerlenen donum ýokdur. Baýlyk diýen damar ýokdur, Gymmat baha kemer ýokdur. Zähmetsöýer elim bardyr, Şirin sözli dilim bardyr. Batyr ýürek goşum bardyr, Akyllyja başym bardyr. Batyr ýürek, çeper elim, Saýrasa bor, şirin dilim”. “Akyllyja meniň genjäm, Saňa açyk meniň penjäm. 231 Indi aýtmaly rastymy, Saňa berjek mirasymy. Sypmasyn agaň gözüňden, Olar çykmaz seň sözüňden. Şonda döwlet, nobat bolar, Ähli zadyň abat bolar”. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling