Sowuk hem üşeýärmikä?
Bir gije ýatyrka Ependiniň ogly gaty üşäpdir. Onsoň
Ependini oýaryp:
– Kaka, sowuk hem üşeýärmikä? – diýipdir.
– Ýok, oglum, sowuk üşeýän däldir – diýip, Ependi
jogap beripdir.
Onda ogly:
– Üşemeýän bolsa, onda näme üçin meniň ýorganyma
girýär? – diýip garşy çykypdyr.
Ýüzüňi nirä etmeli?
Bir gün Ependi namaza duranda, köwşüni ogurlaýypdyr-
lar. Şol wagt bir adam ondan:
– Namaza haýsy tarapa bakyp durmaly? – diýip sorap-
dyr.
Ependi bolsa:
– Köwşüň nirede bolsa, şoňa seredip durubermeli –
diýipdir.
Hyýary kim satýar?
Bir gün Ependi duzlanan hyýar satmak üçin obalara
çykypdyr. Ol obanyň gyrasyndan girip:
– Haý, şorja hyýar alan gel, how! – diýip gygyryberjek
bolanda, eşegi ondan öňürti aňňyryp başlanmyş.
Ependi ýene-de jemendeli köçä ýetip:
– Haý, duzlanan hyýar... – diýip, sözüni soňlap-
soňlamanka, eşegi aňňyryp ugrapdyr. Ependiniň gahary ge-
lip:
– A-how, peläket, şu hyýary sen sa
týaňmy ýa-da men?! –
diýip, eşegini urupdyr.
228
GURBANNAZAR EZIZOW
Iki agaç
(Aýdym)
Agaç agaja bakar,
Arasyndan suw akar.
Akar üçin parhy ýok, –
Ikisinem deň ýakar.
Ikisi-de deň öser,
Başyn sypap ýel öser.
Daş-töwerek guwanar:
«Ösüşleri ne ýeser!»
Akar akar-da gider,
Baryp bir teşnä ýeter.
«Haýsy kenar gowy?» diýp,
Agaçlar pikir eder.
Örüsi ýaýrap gepiň,
Wagtyny alar köpüň,
Çep kenar saga zardyr,
Sagam zarydyr çepiň.
Olar miwe getirer,
Emma gamly oturar,
«Oň kenary gowy!» diýp,
Aglar, ömrün ötürer.
229
Gurbanmät (Sarygul) Aşyrow
Do'stlaringiz bilan baham: |