Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
- Bu sahifa navigatsiya:
- YBRAÝYM ÝUSUPOW (1929–2008)
Soraglar we ýumuşlar:
1. Näme üçin bu epos «Kyrk gyz» diýip atlandyrylýar? 2. Gülaýym kim? Onuň suratlandyrylýan we häsiýet len- dirilýän goşgy bentlerini labyzly okaň, mazmunyny gürrüň beriň. 3. Allaýar kim? 4. Gülaýym özüne nähili köşk gurdurýar? 5. «Gorkut ata», «Görogly» eposlary bilen «Kyrk gyz» eposynyň arasynda mazmun taýdan nähili meňzeşlikler bar? 6. Tekstdäki meňzetmeleri, deňeşdirmeleri tapyp, olary türkmen dilinden we edebiýatdan iş depderiňize ýazyň. 204 YBRAÝYM ÝUSUPOW (1929–2008) Özbegistanyň hem-de Garagalpagystanyň halk şahyry Ybraýym Ýusupow 1929-njy ýylda Çymbaý etrabynyň Azat obasynda eneden bolýar. Edebiýat ylmyna bolan höwes onda mekdepde okap ýören ýyllarynda başlanýar. Y.Ýusupow 1949-njy ýylda Garagalpagystan Döwlet peda- gogik institutynyň garagalpak dili we edebiýaty fakultetini tamamlaýar. 1961–1965-nji ýyllar aralygynda «Amyderýa» žurnalynyň baş redaktory bolup hem-de Ylmy barlag in- stitutynda işleýär. 1965-nji ýyldan başlap Garagalpagystan ýazyjylar birleşigine ýolbaşçylyk edýär. 1980-nji ýyldan başlap «Erkin Garagalpagystan» gazetiniň redaktory bolýar. Garagalpak edebiýatynda poeziýanyň ösüşi we çeperçi- lik tarapyndan ýokary göterilmeginde Y.Ýusupowyň bitiren hyzmatlary uludyr. Y.Ýusupow edebiýat meýdanyna Beýik Watançylyk urşundan soňky ýyllar gelýär. Şahyryň batyrgaý giň labyz- ly lirikasy, fi losofi ki eserleri umumy poeziýamyza öz tä- zeligini, ýagny täzeçilligi alyp gelen epiki eserleri okyjy- lar köpçüligi tarapyndan örän gowy bahalanýar. Onuň ýedi goşgular ýygyndysy, dramalary özbek diline, ondan gowrak goşgular ýygyndysy we poemalary türkmen, gazak, gyrgyz, rus hem-de daşary ýurt dillerine terjime edildi. Y.Ýusupow garagalpak edebiýatynda poema žanryny ösdür mekde örän uly goşant goşdy. 205 Şahyr 1949-njy ýylda özüniň ilkinji «Ýoldaş mugallym» atly poemasyny ýazýar. Bu poema onuň şahyrlyk ýoluny belgileýän ajaýyp eser boldy. Şondan soňky döwürde «Aka- siýa güllän ýerde», «Aktrisanyň ykbaly», «Köne fontan ertekisi», «Halyçy gyz hakynda hakykat», «Meýdan arzuw- lary», «Tumaris», «Poseýdonyň gazaby», «Bilbil öýi» ýaly birnäçe eserlerini döretdi. Y.Ýusupow «Garagalpagystan Respublikasynda at gazan- an sungat işgäri» hem-de «Özbegistanyň we Garagalpagys- tanyň halk şahyry», Respublikamyzyň Berdak adyndaky nyşany bilen sylaglandy. Edebiýaty ösdürmekde bitiren zäh- meti üçin döwletimiz tarapyndan orden we medallar bilen sylaglandy. Bir wagtlar Ä.Şamuratow tarapyndan ýazylan «Kyrk gyz» pýesasy gaýta işläp çykylýar we halk köpçüligine görkezilýär. Giň manyly, degişmeli «Ömürbek lakgy» ko- mediýasy uly şöhrata eýe boldy. Soňky ýyllary «Isgender patyşanyň düýşi» pýesasy sahnalaşdyryldy. Edebiýatymyzyň taryhynda ilkinji «Äžiniýaz» operasynyň liberottasyny ýaz- dy… Y.Ýusupow garagalpak edebiýatynyň ösüşini özüniň tejribe leri bilen baýlaşdyran şahyrlaryň biri. Onuň Puşkin, Lermon tow, Gýote, Şekspir, Maýakowskiý we beýle- ki şahyrlaryň eserlseri bilen garagalpak okyjylaryny tanyşdyrmakda uly hyzmatlary bar. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling