Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
Soraglar:
1. Şahyrçylyk ukybynyň oýanmagynda Kerim Gurban ne- pesowa nämeler täsir edipdir? 2. Kerim Gurbannepesowyň nähili poemalaryny bilýär- siňiz? 3. Siz şahyryň haýsy kitaplaryny okadyňyz? ATAMYŇ KÖP GAÝTALAN SÖZLERINDEN 1 Maňa atam aýdypdy, Lybasyň ýüpek bolup, Menem saňa aýdaýyn, Hamysyň nah bolandan, Men-ä sapak edindim, Goý, lybasyň nah bolup, Saňa-da sapak bolsun: Namysyň ýüpek bolsun. 2 Dostuň bürgüt bolsa – daglara elter, Dostuň bilbil bolsa – baglara elter, 109 Dostuň elguş bolsa – bir oba elter, Dostuň baýguş bolsa – haraba elter. 3 Dostuň öz diline sakmy ýa sak däl? – Ony bilmek üçin oýlanma uzak. Illeriň syryny saňa aýdýarmy – Sak däl. Aýdanokmy – Sak. 4 Aman, aman… Dynmak üçin derdimden, Elli ýaşda ýetmiş derman gördüm men. «Guş gerek!» diýseler – sapanlap aldym, «Gurt gerek!» diýseler – gapanlap aldym, «Mumyýa!» 1 diýdiler – tüpeňläp aldym. Birisinden gördüm – Azajyk haraý. Birisinden gördüm – Müň hili zyýan. Ahyry bir güýçden ýeňildi derdim: Adam üçin adam – Iň uly derman. 5 Il içinde artdygyça şöhratyň, Elleriňi gysmak islär köp eller. Dostlaryňy juda köpelder şöhrat, Emma göriplerem şonça köpelder. 6 «Bal, bal!» diýmek bilen agzyň süýjänok, Ýöne beýle ajam bolup baranok. 1 Mumyýa – dagyň uçut gaýalarynda bolýan, derman hasaplanýan dag şiresi. 110 «Sag bol!» almak bilen garnyň doýanok, Ýöne beýle ajam bolup baranok. 7 Arçynmyza goşgy goşýaň, Başlygmyza goşgy goşýaň, Brigadire goşgy goşýaň, Başgasyna goşgy goşýaň, Kaka, kaka, gorkaňokmy? – Gorkman oglum, gorkman oglum, Degirmende doglan şyçan, Gök gürlände gorkmaz, oglum. 8 Ägirt ymaratdyr dostluk diýen zat, Ony guraňda-da howlukmaly däl, Ony bozaňda-da howlukmaly däl: Ony guran wagtyň howlugyp gursaň – Kän kerpiçleň, hata düşmegi ahmal. Ony bozan wagtyň howlugyp bozsaň – Çyn dostuňdan jyda düşmegiň ahmal. 9 Her hili çykgynsyz ýagdaýda galaý – Umytdan düşmeklik namartçylykdyr. Her bir kynçylygyň dört tarapy bar: Üçi ýapyk bolsa, biri açykdyr. 10 Käbir adam bilen oýun edeňde, Ýüzi agarýança oýun etmek bor. Käbir adam bilen oýun edeňde, Ýüzi gögerýänçä oýun etmek bor. Emma dostuň bilen oýun edeňde, Çala gyzarýança oýun etmek bor, Şondan aňry gitmek – öte gitmek bor. 111 11 Tüssesiz ot gözläp bir täsin adam, Ahyry dünýäden otsuz geçenmiş. Bir köstsüz dost gözläp bir täsin adam, Ahyry dünýäden dostsuz geçenmiş. Tüssesiz ot gözläp, otsuz galmagyn, Tüsseli-de bolsa, otluja bolgun. Bir köstsüz dost gözläp, dostsuz galmagyn, Köstlüje-de bolsa, dostluja bolgun. 12 – «Özüňi süýt saýgyn, – Oglum, bu igenjiň Dostuňy gaýmak!» Nähakdyr nähak. Diýýärsiň sen, atam, Özüňi süýt saýsaň, Bu näme diýmek? Dostuňy gaýmak, O näme üçin mydam Onsoň gaýmak saýar Süýt bolup özüm, Dostuňam seni. Dostum hem üstümde Onsoň senem gaýmak, Bolmaly gaýmak? Dostuňam gaýmak. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling