Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
Soraglar we ýumuşlar:
1. Halynyň göllerinden nähili manylar aňlamak mümkin? 2. Dokma daragyň sesi goşguda nämä meňzedilýär? 3. Haly dokamak üçin ulanylýan gurallaryň atlaryny sanaň. 4. Halynyň gölleriniň atlaryny depderiňize ýazyp geliň we olaryň manysyny düşündiriň. 105 Ene süýdi Biziň ilde enesini söýmegi Ogla ündew etmek geň görülýändir. Ene üçin öz janyny gaýgyrmak Biwepalyk bilen deň görülýändir. Biziň enemizden emen süýdümiz, Oňa söýgi bolup geçmese gana. Perzentlik duýgusyn nädip siňdirjek Eňegine sakgal çykan haýwana? Dönüklik edende enäň öňünde, Biziň ilde ýigit diýmek gadagan. Söýýän diýip, ýüz gezek ant içenden, Biz bir gezek bolýas enä sadaga. Biziň ilde enäniň ak süýdüniň, Synagyndan diňe şeýdip geçilýär. Bizde ene süýdi ýöne süýt däl-de, Ol namysdyr-ar hökmünde içilýär. Ene Watynyňy söýýändigiňi Dile almak bizde görülýär aýyp. Sebäbi oň perzendine öwrülýäs, Howasyny sorup, duzuny iýip. Biz ondan şunça zat alýarys welin, Aldyk diýip hergiz dil hat berlenok. Şonuň üçin, onuň ýumşun bitirip, Sylaga göz dikmek uslyp görlenok. Watanyna yhlas her bir ogulda Bardyr diýip arzuw-umyt edilýär. Ýöne biziň ilde şol yhlas hakda Ýaňraman, ol diňe subut edilýär. 106 Süýt reňk daňlaryň beren emmesi Biziň ilde diňe şeýdip haklanýar. Sebäp eneleriň mukaddesligi Watanyň keşbine geçip saklanýar. «Ene süýdi» goşgusy iki bölekden ybarat bolup, birinji bölekde ene süýdi barada gürrüň edilýär. Şahyryň beýan edişi ýaly, «ene süýdi ýöne süýt däl-de, ol namysdyr-ar hökmünde içilýär». Ene süýdi – enemize söýgimiz bolup, biziň ganymyza siňýär. Şonuň üçin her bir adamyň ganynda enä bolan mukaddes söýgi bardyr. Şahyr enesini söýmeýän perzendi «eňegine sakgal çykan haýwana» deňeýär. Goşgynyň ikinji bölegi Watan baradadyr. Şahyr Watany hem enä deňeýär. Watanyň howasyny enäniň ak süýdüne meňzedýär. Her säher turup soran howaň ene süýdi bilen barabardyr diýýär. Şonuň üçin Watan howasyny «süýt reňk daňlaryň beren emmesi» hasaplaýar. «Enäni söýmek – Watany söýmekdir, Watany söýmek – enäni söýmekdir» diýen pikir «Ene süýdi» goşgusynyň için- den eriş-argaç bolup geçýär. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling