Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
- Bu sahifa navigatsiya:
- Soraglar we ýumuşlar: 1.
- ADAM WE BIR DÖWÜM NAN
Soraglar we ýumuş:
1. Nämä esaslanyp «Ene toprak» diýýäris? 2. «Gyş gelende agarsaň-da azajyk, Ýaz gelende juwan ýene, topragym» – diýen setiriň manysyny öz sözleriňiz bilen beýan ediň. 99 3. Şahyr: «Enesiz galmasyn ynsan balasy!» diýip, nämäni göz öňünde tutýar? Ene ýüregi Ene ýüregi dek ýürek tapylmaz, Enäniň ýüregi gülden näzikdir. Enäniň hiç erbet arzuwy bolmaz, Arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr. Enäniň ýüregi her derdi syzar, Her derdiň dermany onuň sözüdir. Enäniň gül ýüzi gaharňy ýazar, Ene ýaşaýyşyň, bagtyň gözüdir. Enäniň ýüregi derýa dek giňdir. Enäniň ýüregne bir dünýä sygar, Enäniň söýgüsi deňizden çuňňur, Ene mähir salsa, gije gün dogar. Bagşy joşa gelse, bagş eder bir söz, Şahyr joşa gelse, döreder dessan. Ene ýüregi dek ýürek tapylmaz, Ene öz mährinden döredýär ynsan. Gara Seýitliýewiň «Ene ýüregi» goşgusy mähriban en- elere bagyşlanypdyr. Şahyr ene – eje ýüreginiň näzik hem päkligini wasp edýär. Ene ýüregini, oňa söýgüsini ähli zat- dan ýokary goýýar. Soraglar we ýumuşlar: 1. Bu goşguda kim, näme wasp edilýär? Sen oňa nähili düşünýärsiň? 2. Ene – eje barada başga haýsy şahyrlaryň goşgularyny bilýärsiňiz? 3. «Ene ýüregi» goşgusyny labyzly okamagy öwreniň, ýat tutuň. Bu goşgyny ejeňize-de okap beriň. 100 ADAM WE BIR DÖWÜM NAN (Gysgaldyldy) Sen körpeje bolsaň-da, körpejämiz, Akmyrat, Dyzjagazyňa çökdejik, çöple ýerden çöregi! Men görýän, sen göreňok, bir bak, körpeje bezzat, Sen çöregi owradaňda nädýär eneň ýüregi! Haýyş edýän, ýalbarýan, ýalbaramok, ýazgarýan, Owradyp taşlama sen bugdaýyň ak nanyny. Körpeje bolsaň-da sen, senden-de gaty görýän, Har bolar har edenler bugdaýyň ak nanyny. Ozaldan ynsan üçin bir döwüm nandan belent, Bir döwüm nandan mukaddes seždegär ýok dünýäde, Nana – jan, nana – wyždan diýseň-de bolmaz galat, Bir döwüm nandan mukaddes medetkär ýok dünýäde. Körpejäm, bu sözlere ulalansoň düşersiň, Şonda sen läliksiräp, nany ýere saçmarsyň, Nany bisarpa tutsalar, meniň ýaly bişersiň, Bir döwüm nan ýatan bolsa, sen galdyrman geçmersiň! Oglum, owradyp dökme, taşlama sen ak nany, Hormatla, ýalkymly Günüň ýalkymyndan päk nany, Hormatla, halkyň derinden döräp önen hak nany, Hormatla, dünýäde barça däne ekýän ynsany. «Ýere urdum paltany, agzy gyzyl haltany, Ýerden bir oglan çykdy, uly iliň soltany». Bar illeriň soltanydyr ak bugdaýyň ak nany, Bu soltana beýik hormat – ynsanýetiň permany. Ak çörek, gara çörek, mele çörek çörekdir, Hemmesi deň mukaddes, hemmesi deň gerekdir, Hemmesine deň hormat, deň hem sarpa gerekdir, Bu sarpany tutmadygyň ýüregi bet ýürekdir. 101 Söwer oglum, Akmyrat, seniň ýüregiň päkdir, Sen hiç wagt çöregiň owuntygyn dökmersiň, Biziň beýik döwletde çörek gaýgysy ýokdur, Şonda-da sen hiç mahal nana kemter bakmarsyň. Ozaldan ynsan üçin bir döwüm nandan belent, Bir döwüm nandan mukaddes seždegär ýok dünýäde, Nana – jan , nana – wyždan diýseň-de bolmaz galat, Bir döwüm nandan mukaddes medetkär ýok dünýäde. Şahyr «Adam we bir döwüm nan» goşgusynda çöregi aýawly saklamak, ony hiç haçan harlamazlyk baradaky ide- ýany öňe sürýär. Özüniň bu baradaky garaýşyny ýaşajyk Akmyradyň durmuşynda bolan bir waka bilen baglanyşykly beýan edýär. Şahyr «ýalkymly Günüň ýalkymyndan-da päk many» kemala getirmek, öndürmek üçin halkyň der döküp zäh- met çekmeli bolýandygyny obrazly beýan edip, munuň üçin «dünýäde däne ekýän barça ynsana hormat goýmalydygy- ny» ündeýär. «Adam we bir döwüm nan» goşgusy ynsanperwerlik ideýasyna ýugrulanlygy bilen-de ähmiýetlidir. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling