Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
- Bu sahifa navigatsiya:
- GARA SEÝITLIÝEW (1915–1971)
Soraglar we ýumuşlar:
1. Japbaklar näme üçin düýelerini süýräp çykarýarlar? 2. Kelekbaý nähili pikire gelýär? 3. Kelekbaý Japbaklara näme sebäpli gaýtawul berýär? 4. Hekaýanyň mazmunyny özleşdiriň we ýatdan aýdyp beriň. 5. «Japbaklar» powestini dolulygyna okaň. 96 GARA SEÝITLIÝEW (1915–1971) Halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýewiň poeziýasynda Watan, zähmet, parahatçylyk, dostluk ýaly temalar asasy orun tutýar. Ol döredijilik işine başlanyndan, tä ömrüniň ahyryna çenli bu temalara ygrarly bolup galýar. Şu temadaky eserleri şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen «Şahyryň lirasy», «Söweşjeň yl- ham», «Parahatçylyk ýeňer», «Ganatly döwür» ýaly birnäçe goşgular we poemalar ýygyndylarynyň içinden eriş-argaç bo- lup geçýär. Şahyryň döredijiliginde tebigat temasy bilen baglanyşykly goşgular hem esasy orny eýeleýär. Olarda ynsan bilen tebigatyň arabaglanyşygy aýdyň ýüze çykarylýar. Şahyryň: Eger her kim bir bag ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar – diýen setirleri bu gün ýurdumyzyň baş şygarlarynyň birine öwrülip gelýär. Şujagaz ýeke mysalyň özi-de, şahyryň goş- gularynyň ähmiýetiniň gitdigiçe artýandygyna şaýatlyk edýär. G. Seýitliýewiň döredijiliginde daşary ýurt temasy hem töwerekleýin işlenendir. «Eýran goşgulary» sikli, «Hindistanyň gülleri» goşgular kitaby hem muny doly tassyklaýar. Hindistan hakyndaky goşgularynda şahyr öz özbaşdaklygyny göreşip gazanan hindi halkyna raýdaş bo- lup çykyş edýär. Ol goşgularda internasional doganlyk- 97 dostluga beýik sarpa goýan adamlaryň ýürek hyjuwy çeper sözleriň üsti bilen ýüze çykarylýar. G. Seýitliýew birnäçe drama eserleriniň hem-de çagalar üçin «Jeren», «Kemal» poemalarynyň awtorydyr. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling