Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet20/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuş:
1. Kelekbaý Japbaklary näme üçin aldamak isleýär?
2. Japbaklar näme üçin «sygry» ýere gaçyrýarlar?
3. Olar nähili netijä gelýärler?
4. Hekaýanyň mazmunyny ýatdan aýdyp beriň.
AŽDARHA
Japbaklaryň bugrasy hem edil Ýapagy ýaly öz örüsini 
uzak çekmezdi. Belki, onuň bol iýmäge nebsi otugandyr; 
bir gün; ol baryp, Doýdugyň tümmül bolup oturan arpasyna 
giripdir. Japbaklar ony Doýdukdan öň duýdular. Japbaklar 
Doýdugyň göwnüne melal getirmezlik üçin, onuň ekine gi-
renini bildirmän çykarmak çäresine girişdiler.
Töweregini garanjaklandan soň, Japbak aýtdy:
– Şu wagt hiç kim ýok. Geliň, biz ony assyrynlyk bilen 
idip çykaralyň.
Onda Ýapbak burnuny ýokaryk tutdy.
– Aý, ýigid-ä bildi-ow! Idip çykarsaň basgylar. Bugranyň 
yzy, näme ýolbarsyň yzyndan enaýymy? Biz iň ýagşysy 
ony sürüp çykaralyň.


93
Mapbak gulagyny üşertdi.
– Aý, ýigid-ä bildi-ow! Kowup çykaranda, näme, uçup 
çykar öýdýäňmi? Gaýta ol öz yzynyň daşyndan hem iki 
ýanyna agyz urup, arpany düýbi bilen goparar. «Ony eden 
bolsa Japbaklaryň burgasyndan başga hiç bir zat däldir» 
diýerler. Biz iň ýagşysy ony göterip çykaralyň.
Topbak arkan gaýşyp güldi.
– Aý, ýigid-ä bildi-ow! Göterip çykarsaň, ýa büdräp, 
ýa aýagyň taýyp, hökman ýykylarsyň. Ýykylmanda-da, 
Japbaklaryň yzlary gaplaňyň yzyndan enaýy bolmaz. 
Japbaklaryň yzyna bolsa yzçy gerek däldir. Biz iň ýagşysy 
ony süýräp çykaralyň.
Doganlar Topbagyň pikirini dogry tapdylar.
Japbaklar bugrany arpanyň içinde çökerdiler. Ondan soň 
bir gapdalyna agdardylar. Onuň hem paşmagyna bir ýüp 
dakdylar. Ondan soň ony dört dogan dört ýerden ýapyşyp 
süýräp çykardylar.
Arpanyň içinde bugranyň yzyny bildirmän çykaran 
doganlar, yzlaryna garaman ökje göterdiler.
Birsalymdan soň arpasyna aýlanmaga baran Doýdugyň 
ýüregi ýarylara geldi. Ol gyňajyny oklaw ýaly edip, yzyna 
bakan ýazdy. Ýolda barýarka büdräp ýykyldy, hasanaklap 
galyp, ýakasyna tüýkürdi. Ol ýüzüniň ugruna baryp, Kelek-
baýa habar berdi.
– Dat Gulluk baý, dat!
Doýdugyň ýuwusgadan gorkan ýaly, ak tam ýüzüni 
gören Kelekbaý birhili haýykdy.
– Ýeri, Doýduk , näme boldy?
– Meniň arpama, almy, arwahmy, näme-de bolsa aýyl-
ganç bir zat girip, ony wes-weýran edipdir. Eger oňa çyn-
lakaý çäre görülmese, ertir seniňkä-de girer. Kim bilýär, 
belki, ol aýylganç zat oba-da aralaşar!
Baýlar tapan ýaraglaryny dakynyp, Doýdugyň arpasyna 
bakan ýörediler.
Japbaklar hem olaryň yzlaryna düşdüler.


94
Baryp görseler, Doýdugyň arpasynyň bir zol ýeri ýer 
bilen ýegsan bolup ýatyr. Onuň töwereginde yz-da ýok, 
eser-de. Ol edil ertekilerdäki aýdylýanlar ýaly. Ony gözün 
bilen görmeseň, ynanar ýaly hem däl. Oňa her kim her hili 
çen urdy.
Iň soňunda Kelekbaý aýtdy:
– Bu aždarhanyň işi bolsa gerek.
Doýduk ýakasyna tüýkürdi.
– Aždarha?!
– Hawa, Garry adamlaryň aýtmagyna görä, çendan onuň 
Hindistan tarapyndan suw bilen geläýmesi barmyşyn.
– Waý, Kelekbaý, nädäýdiň. Duruna Hindistandan suw 
gelýärmi näme?
– Duruna gelmese, Amyderýa gelýär. Aždarha üçin bolsa 
Amyderýa bilen Durun arasy aýallaryň suwluk ýolundan 
enaýy däl ahyryn!
– Aýu, Gulluk, aždarhanyň geleni onuň nämesinden belli 
bolýaka?
– Ol daň atar-atmazda birhili çekreýärmiş.
Japbak durup bilmän şeýle diýdi:
– Doýduk eje, onuň «Bö-ö! Bö-ö!» eden sesini menem 
eşitdim. Ýeke men däl, ynha, Japbaklaryň hemmesi hem 
eşitdi.
Baýlaryň düşünäýmeginden howp eden Ýapbak onuň 
böwrüne symsyklady.
Kelekbaý Japbaga gaýtawul berdi.
– Meniň eşidişime görä, aždarha düýe ýaly bölemän, 
geçi ýaly çekreýärmiş.
Ýapbak onda durup bilmän, şeýle diýdi:
– Baý aga, aždarhanyňam biziň bugramyzyňky ýaly tüýi 
barmyka?
Baýlaryň düşünäýmeginden howp eden Mapbak onuň 
böwrüne symsyklady.
Kelekbaý Ýapbaga gaýtawul berdi.


95
– Aždarha diýilýän düýe däl-de, ýylan ahyry! Ýylanyňam 
tüýi bormy?
Mapbak onda durup bilmän, şeýle diýdi:
– Belki, onuň biziň bugramyzyňky ýaly dört aýagy bar-
dyr?
Baýlaryň duýmagyndan howatyr eden Topbak onuň 
böwrüne symsyklady.
Kelekbaý Mapbaga gaýtawul berdi.
– Aýtjak sözüňi bilip aýtmak gerek. Aždarhanyň aýagy 
bolarmy? Aýagy bolsa yzy bolmazmy?
Topbak durup bilmän, şeýle diýdi:
– Aždarha birden ekine giräýse, ony süýräp çykaryp 
bolýamykan?
Baýlaryň düşünäýmesinden howatyr eden Japbak onuň 
böwrüne symsyklady.
Kelekbaý Topbaga gaýtawul berdi.
– Heý, aždarhanam süýräp bormy? Onuň golaýyna 
barsaň ýuwdaýmazmy?
Iň soňunda Kelekbaý aýtdy:
Doýduk, bu saňa alla tarapyndan gelen bir beladyr. Sen 
hudaý ýoluna bir erkeç aýt. Belki, ony allanyň özi dep eder.
Onda Japbak aýtdy:
– Ažarha-da Japbaklardan eýmenç däldir. Erkejiňizi 
Japbaklaryň gapysynda daňaýyň. Şundan soň şol aždarhanyň 
siziň ekiniňize girmejegine biz güwä geçýäs! Eger şol 
aždarha arpany ýene şunuň ýaly weýran etse, Japbaklaryň 
bugrasyna siz eýe bolaýyň!

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling