Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
XX ASYR EDEBIÝATY
BERDI KERBABAÝEW (1894–1974) Ýazyjy öz k tabynyň üst b len hal- ka ömür tejr bes n , öz düşünjes n , p - k r n hem öz duýgusyny hödür leýär… Çynlakaý ýazyjy be lent maksat ugrunda okyjy b len ýüzbe-ýüz, ýürekdeş, göwün- deş sözleşmek üç n zähmet çekýär. Berdi Kerbabaýew Türkmen edebiýaty hakynda gürrüň edilende, ilkinjileriň hatarynda Berdi Kerbabaýew göz öňüne gelýär. Berdi Kerba- baýew şeýle hormata özüniň ajaýyp eserleri arkaly mynasyp boldy. «Aýgytly ädim» romanyny, «Aýsoltan» powestini diňe türkmen halky däl, daşary ýurtlaryň onlarçasynyň halklary öz ene dillerinde uly höwes bilen okaýarlar. Şeýle ajaýyp eserler bilen türkmen halkynyň geçmişini, häzirki durmuşyny dünýäniň ençeme ýurtlaryna äşgär eden görnükli ýazyjy-şahyr hemmeler tarapyndan hormatlanylýar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýew 1894- nji ýylda Tejen etrabynyň Gowkuzereň obasynda dogulýar. Döredijilik işine 1923-nji ýyldan başlan Berdi aganyň ýazan eserleri köpdür. Onuň «Gyzlar dünýäsi», «Aýlar» ýaly poemalary, «Batyr», «Arslan», «Yhlasa – myrat» ýaly hekaýalary, «Baýram», «Gurban Durdy», «Aýsoltan» ýaly powestleri, «Göterim», «Magtymguly» ýaly pýesal- ary, «Aýgytly ädim», «Gaýgysyz Atabaý», «Nebitdag», «Suw damjasy – altyn dänesi» ýaly romanlary millionlarça okyjylara estetiki lezzet berýär. Onuň eserleriniň birnäçesi ençeme gezek täzeden neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi. Berdi Kerbabaýewiň eserlerini okan her bir okyjy 86 onuň türkmen halkynyň geçmişini, häzirki durmuşyny örän ussatlyk bilen suratlandyryp bilendigine göz ýetirip biler. Şol eserler daşary ýurtly okyjylara-da, türkmen halkynyň durmuşy bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu barada hindi ýazyjysy Ýaşpal şeýle ýazýar: «Men türmede otyrdym. Şu kitap meniň elime birden iňlis dilinde düşdi. Kitapdaky gidýän waka meniň halkymyň ykbalyna kybapdaş bolany, meni gozgalaňa salany üçin «Aýgytly ädimi» men şol ýeriň özünde, ýagny türmede iňlis dilinden hindi diline terjime edip başladym…» Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň akademigi Berdi Kerbabaýew jemgyýetçilik işgäri hökmünde hem giňden tanalýardy. Ol köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ýazyjylaryna ýolbaşçylyk etdi. Onuň daşary ýurtlarda bolanynda galan täsirleri barada ýazan oçerklerini okyjylar höwes bilen okaýarlar. Berdi Kerbabaýew ökde terjimeçi. Ol Mürze Ibragimowyň «Ol gün geler», Aýbegiň «Nowaýy» roman- laryny, Musa Jeliliň Moabit türmesinde ýazan goşgularyny türkmen diline terjime etdi. Onuň terjime eden eserleri okyjylaryň kitap tekjelerinde mynasyp orun tapdy. Gafur Gulamyň: «Berdi Kerbabaýew diýende türk- men edebi ýatynyň mynasyp wekili, atly ýazyjysy we bü- tin Gündo garda tanalýan jemgyýetçilik işgäri göz öňüne gelýär», Süleýman Ragymowyň: «Myrat ogly Berdi Türkmenistanyň Elbrusydyr» diýmekleri tanymal ýazyjynyň dünýä ýüzünde giňden meşhurdygyny aýdyň görkezýän mysaldyr . Berdi Kerbabaýew türkmen halkynyň milli guwanjydyr. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling