Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet15/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuşlar:
1. Magtymguly bu elegiýany kime bagyşlap ýazypdyr we 
onda nämäni beýan edýär?


80
2. Goşguda ulanylan çeperçilik serişdelerini aýdyň.
3. Elegiýa diýip nähili goşgulara aýdylýar?
4. Goşgyny degişli äheňi boýunça labyzly okamagy öwre niň.
Habar ber – şeýledir
Magtymguly: Ol nämedir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän? 
Ol nämedir, aýagy ýok towusýan?
Ol nämedir, ýedi derýa böwüsýän?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
Durdy şahyr: Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän,
Ol ýylandyr, aýagy ýok towusýan,
Ol balykdyr, ýedi derýa böwüsýän,
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.
Magtymguly: Ol nämedir, ýakasy bar, ýany ýok? 
Ol nämedir, ganaty bar, gany ýok?
Ol nämedir, adam ýuwdar, jany ýok?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
Durdy şahyr: Ol kependir, ýakasy bar, ýany ýok,
Kebelekdir, ganaty bar, gany ýok,
Gara ýerdir, adam ýuwdar, jany ýok,
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.
Magtymguly: Ol nämedir, derwezesiz galadyr? 
Ol nämedir, penjiresiz binadyr?
Ol nämedir, bir-birinden aladyr?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
Durdy şahyr: Ol köňüldir, derwezesiz galadyr,
Ol gabyrdyr, penjiresiz binadyr,
Ol aý-gündür, bir-birinden aladyr ,
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.
Magtymguly: Ol nämedir, iýmediler, doýdular? 
Ol nämedir, kyýamata goýdular?
Ol kim idi, dabanyndan soýdular?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!


81
Durdy şahyr: Ol didardyr, iýmediler doýdular,
Ol namazdyr, kyýamata goýdular,
Nesiminiň dabanyndan soýdular,
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.
Magtymguly: Ol nämedir, ýedi ülkäni gezýä? 
Ol nämedir, bilin bir zat ezýä?
Ol nämedir, adam ýaly syzýa?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
Durdy şahyr: Ol çopandyr, ýedi ülkäni gezýä,
Ol goýundyr, taýak bilini ezýä,
Bedew atlar adam ýaly syzýa,
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.
Magtymguly: Ol nämedir, toprak üste sürünmez? 
Ol nämedir, adamlara görünmez?
Ol nämedir, hiç bir dona bürenmez?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
Durdy şahyr: Erenlerdir, zelil bolup sürinmez,
Ol beladyr, gelse, göze görünmez,
Ýalan gürrüň hiç bir dona bürenmez,
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.
Türkmen klassyk şahyrlarynyň döredijiliginde şular 
ýaly sorag-jogap alyşmak däbi gadymdan bäri dowam edip 
gelýär. Bu görnüşde goşgy düzmek möhüm ähmiýete eýedir. 
Klassyk şahyrdan sorag-jogap arkaly bir-biriniň döredijilik 
ussatlygyna, sowatlylyk derejesine, fi losofi ki, logiki pikir 
ýöretmekdäki ukybyna göz ýetirmegi maksat edinipdirler. 
Munuň hut şeý le digini Magtymguly bilen Durdy şahyryň 
arasyndaky synanyşyk larda dörän «Habar ber – şeýledir» 
diýen aýdyşyk goşgynyň mysalynda anyk göz ýetirmek 
bolýar. Bu eserde tebigatyň kanunalaýyklyklary bara-
da pikir ýöredilýär. Mag tym guly tebigatda bolup geçýän 
üýtgeşiklikleri, wakalary goşgy setirlerinde ussatlyk bilen 
kapyýalaşdyryp, öz döwürdeşi Durdy şahyra sorag berýär. 
Durdy şahyr hem öz gezeginde oňa takyk jogap berýär.
6 – Edebiýat, 6-njy synp


82

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling