Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
Soraglar we ýumuş:
1. Magtymguly nirede dogulýar we haýsy ýerde önüp- ösýär? 2. Şahyr nirelerde okapdyr? 3. Magtymgulynyň döredijiliginiň kämil bolmagyna näme- ler täsir edýär? 4. Şahyryň döredijiliginiň esasy ideýasy nämelerden yba- rat? 74 Näler görüner Seýl edeliň bu jahana, Jahanda näler görüner. Iskender 1 , Jemşit 2 saldyran Beýik binalar görüner. Meşeleri 3 sir-peleňli, Gülgüzar nowça bileňli, Gün düşmedik ter öleňli, Çeşmeli çaýlar görüner. Ýaradan bar etdi ýokdan, Daglar dünýä sürer çohdan, Sorsaň, habar berer Nuhdan, 4 Garrygan awlar görüner. Çaglan, ýalan dünýä, çaglan! Ne gülen galar, ne aglan… Gar ýagmyrlap, burjy baglan, Kemerli daglar görüner. Serinden dumany gitmez, Eýýam geçip, ýere batmaz, Garryp galmaz, ölmez, ýitmez, Gorganly 5 daglar görüner. Ne Watan galar, ne çeten 6 , Senemler seýl edip öten, 1 Isgender – Aleksandr Makedonskiý (b. e. öň 356–323-nji ýyllar). Gündogarda Iskender Zülkarneýin ady bilen tanalýar. 2 Jemşit – Ferdöwsiniň «Şanama» eserinde duş gelýäň gadymy patyşalaryň biriniň ady. 3 Meşe – tokaý, jeňňel. 4 Nuh – dini rowaýatlara görä, musaýy pygamberlerinden biri. Bu ýerde: Daglar Nuhdan (Nuh döwründen), gadym zamanlardan habar berer – diýen manyda. 5 Gorgan – kurgan, depe, belentlik. 6 Çeten – bu ýerde: ýurt, watan diýen manyda. 75 Toty, bilbil mesgen tutan, Howaly baglar görüner. Magtymguly, kim bar ölmez? Ajal doýmaz, zemin dolmaz, Asman inmez, ýer çöwrülmez, Gün ýörir, aýlar görüner… Rowaýata görä, şahyr «Näler görüner» diýen şygryny ölüm ýassygynda ýatyrka düzüpdir. Nähoş ýatan Magtymguly bu dünýä bilen hoşlaşmaly boljagyna gözüni ýetirip, hossarlaryna: «Meni bir daşaryk çykaryň!» diýipdir. Şahyry göterip, daşaryk alyp çykypdyrlar. Şonda Magtymguly seleňläp görünýän daglara seredip, «Näler görüner» diýen goşgusyny aýdypdyr. Magtymgulynyň «Näler görüner» goşgusy ömür barada, dünýä barada çuňňur fi losofi k oýlanmalara ýugrulan eserdir. Goşguda adam ömrüniň manysy dag obrazynyň üsti bilen örän aýdyňlyk bilen ýüze çykarylýar. Şahyr manyly ýasalan adam ömrüni ölmez-ýitmez daglaryň ömri bilen deňeşdirýär. Serinden dumany gitmez, Eýýam geçip, ýere batmaz, Garryp galmaz, ölmez, ýitmez, Gorganly daglar görüner – diýen bentde şahyr bu pikirini has-da aýdyň ýüze çykarýar. Şahyryň bu goşgusy adamlary oýlanmaga mejbur edýär. Olary bu dünýäde halal zähmet çekmäge, ýagşy işler etmäge ça- gyrýar. Adam ömrüniň onuň bitiren ajaýyp işleri bilen kes- gitlenýändigine goşgynyň: Iskender, Jemşit saldyran Beýik binalar görüner – diýen setirleri-de aýdyň şaýatlyk edýär. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling