Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
Soraglar we ýumuş:
1. Şahyryň ýiti synçylygy, zehinliligi goşguda nähili ýüze çykarylýar? 2. Klassyk şahyrlaryň sorag-jogap görnüşinde goşgy döret- mekleriniň düýp sebäbine nähili dýşünýärsiňiz? 3. Goşgynyň matallar bilen nähili baglanyşygy bar? 4. Bu goşgyny rollar boýunça okaň, ýat tutuň. Bolar sen Beýik daglar beýikligňe buýsanma, Göweçde 1 suw bolan zer dek bolar sen. Tereň 2 derýa, haýbatyňa guwanma, Wagtyň ýetse, guryp, ýer dek bolar sen. Daglaryň arslany, babyr-peleňi 3 , Ahyry deň bolar pil, peşe 4 jeňi, Jeýhun derýasynyň, Niliň näheňi 5 , Gulagyna urlan har dek bolar sen. Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda,– Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda, Zalymlar har bolar, galar aýakda, Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen. Ýagşy bedew münen, hup mahbup guçan, Bile elten barmy bakyýa 6 göçen? Hakykat namartdyr imansyz geçen, Iman bile barsaň, ner dek bolar sen. Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň, Dür bolsun daýyma, sözlegen sözüň, Alymlara uýsaň, açylar gözüň, Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen. 1 Göweç – gymmat bahaly metallar eredilýän desga. 2 Tereň – çuň. 3 Babyr – gaplaň, peleň – ýolbars. 4 Peşe – çybyn. 5 Näheň – kit, krokodil, akula. 6 Baky – o dünýä manysynda. 83 Lukman 1 dek her işiň çäresin bilseň, Rüstem 2 dek döwlerni permana salsaň, Iskender dek ýeriň ýüzüni alsaň, Ýerde ýegsan bolup, ýer dek bolar sen. Magtymguly, garap sözle daşyňny, Jaýyn bilip, sarp et, bolsa aşyňny, Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňny, Är ýanynda gezseň, är dek bolar sen. Magtymgulynyň «Bolar sen» goşgusy onuň akyl-parasa- da ýugrulan dürdäne döredijiliginde möhüm orun eýeleýär. Goşguda adamlara durmuşda öz ornuňy tapmak barada öwüt-nesihat edilýär. Şahyr her näçe güýçli bolsaň-da, elmydama päliňi pes tutmagy maslahat berýär. Şonuň bilen bir hatarda şahyr, ga- ramaýak halky ruhy taýdan goldaýar. Olaryň zalymlar, ezi- jiler tarapyndan horlanmagyna duýgudaşlyk bildirýär. Şahyr ýagşylar bilen ýoldaş bolmagy, alymlara uýmagy, adamlaryň iň gowy gylyk-häsiýetleri hökmünde kesgitleýär. Magtymguly söze, sözüň güýjüne uly sarpa goýýan şahyrdyr. «Bolar sen» goşgusynda-da, sözüň gudratyna uly ähmiýet beripdir: Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň ýa-da: Magtymguly garap sözle daşyňny – diýen setirlerinde şahyryň söze neneňsi derejede üns beren- digine ýene-de bir gezek göz ýetirýäris. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling