84
2. «Bile elten barmy bakyýa göçen?» diýen setiriň many-
syny düşündiriň.
3. Goşguda nähili legendar adamlaryň atlary ulanylýar?
Olar barada nämeleri bilýärsiňiz?
4. Goşgynyň haýsy setirleri «Ýerin bilip gepleseň, ýüzüň
nury dökülmez, ýerin bilip harçlasaň, jübiň puly tüken-
mez» diýen nakylyň manysy bilen gabat gelýär?
5. «Bolar sen» goşgusyny ýat tutuň.
Edebiýat teoriýasy. Elegiýa
Gaýgyly, gam-gussaly, gynançly ýagdaýlary beýan edýän
goşgulara elegiýa diýilýär. Magtymgulynyň «Yzlamaýan
bolarmy?» diýen goşgusy elegiýadyr.
Şahyrlar elegiýany diňe öz şahsy durmuşlary
bilen
baglanyşykly däl, eýsem başga adamlaryň, umuman, halk
köpçüliginiň durmuşy bilen baglanyşykly hem döredýärler.
DIALOG
Çeper eserlerde iki we ondan hem köp şahyrlaryň per-
sonaž laryň arasynda pikir alyşmak, biri-birine düşünişmek
maksady bilen bolýan gürrüňe gepleşik ýa-da
dialog
diýilýär.
«Habar ber – şeýledir» diýen goşgusy hem özboluşly di-
alogdyr. Bu goşgy dramatik eserlerdäki diologdan setirleriň
kapyýalaşyşlary, şirinligi boýunça tapawutlanýar.
Dialoga mysal hökmünde, Dosmämmet şahyr bilen
ka-kasy Gurbangylynyň «Aýdyşyk», ýene-de Dosmäm-
met şahyr bilen onuň Garyby diýen dostunyň «Garyby
– Dosmämmet», Kätibi şahyr bilen Bibijemal atly gelniň
«Salam almadyň, gelin!», ýene-de Kätibiniň
Kasyt bilen
«Sowal – Kätibi, jogap – Kasyt» sorag-jogap alyşýan
goşgularyny, Şeýdaýynyň bir topar aýdyşyk goşgularyny
hem görkezmek bolar.