Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet34/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar:
1. G.Ezizow haçan we nirede eneden bolýar?
2. Ol nirelerde okapdyr?
3. Onuň döredijilik aýratynlygy barada siz nämeleri bil-
ýärsiňiz?
Topragym
Seniň duzuň iýdim, nanyňy iýdim, 
Galplygam etmedim, hudaýa şükür. 
Käte göge galdym, kä gökden indim, 
Emma hiç ýitmedim, hudaýa şükür. 
Ilkinji sözümi senden başladym, 
Duzuňy syladym – ýalan ýazmadym. 


122
Diňe seniň gyşyň bilen gyşladym, 
Diňe seniň ýazyň bilen ýazladym. 
Ýitirenmi seň goýnuňda ýitirdim, 
Tapanymam seň goýnuňda tapdym men. 
Sen bolansoň dünýä akyl ýetirdim
Onuň ähli peslik, şatlygy bilen.
Hol, gaýanyň eteginde oturan,
Bagyň depesinden tabytly geçdim, 
Ýene bir gün, gökden sowulyp duman, 
Şol bagyň düýbünde al şerap içdim. 
Nirä gitsem, meniň bilen bolduň sen, 
Sen, seretsem, öňki süňňüm ekeniň. 
Çalyşman daş ýürduň gülleri bilen 
Aýakda yz goýan seniň tikeniň. 
Minnetdarlyk sözi sada bolarmyş – 
Ýollaryň ak bolsun, uzaga gitsin. 
Baky uka batsam bir gazaply gyş, 
Seň goýnuňda ýatmak miýesser etsin!
Soraglar we ýümuş: 
1. Şahyr öz eziz topragyny nähili taryplaýar? 
2. Ol nähili arzuw edýär? 
3. Goşgyny labyzly okaň.
Akdyr ýollaryň watan
(Aýdym)
Watan, Watan, jan Watan, 
Sende şöhrat-şan, Watan.
Ýaýlalaryň al-elwan, 
Adyňa gurban, Watan. 
Ýigitleriň merdana, 
Gyz-gelinleň görkana. 
Düzleriňde ak pagta
Nur saçýar bu mekana.


123
Mähribanym, diýarym, 
Sensiň bu dünyä barym. 
Gül deňizde ýaýnasam, 
Galmaz zerre armanym. 
Ýaşa, Watanym meniň, 
Joş, sen, Watanym meniň. 
Aýdyň mawy asmanyň, 
Akdyr ýollaryň seniň. 
Mähribanym, diýarym, 
Sensiň bu dünýä barym. 
Gül deňizde ýaýnasam, 
Galmaz zerre armanym. 

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling