Adabiyot 6 (Turkm). indd
Şahyr baharyň gelşini nähili wasp edýär? 3
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
2. Şahyr baharyň gelşini nähili wasp edýär?
3. Goşgyny labyzly okaň we ýat tutuň. 120 GURBANNAZAR EZIZOW (1940–1975) Söýüň meni – ýürek söýgi küý seýär, Şeýle bir küýseýär – ýok çaky-çeni, Ýekeje adama ýeterlik söýgi Bilen bir pursatlyk söýüň siz meni. Gurbannazar Ezizow talantly türkmen şahyry, halk ýa- zyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, dramaturg. Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Söwütli obasynda eneden bolýar. Ol Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdebi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini üstünlik bilen gutarýar. Gurbannazar ilki «Mydam taýýar», soňra «Edebiýat we sungat» gazetleriniň redaksiýasynda işleýär. Ol 1972- nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistan ýazyjylar birleşiginde edebi maslahatçy bolýar. G.Ezizow döredijilik işine talyp ýyllary başlaýar. Ol Watan, güýz peýzažy, uruş we parahatçylyk barada bir topar ajaýyp goşgulary, poemalary, drama eserlerini ýazdy. Türkmenistanyň halk şahyry Kerim Gurbannepesow ze- hinli şahyr Gurbannazar Ezizowy ýatlap, şeýle ýazýar: «Ykbal Gurbannazar Ezizowy altmyşynjy ýyllaryň ýaş şahyrlarynyň başynda goýupdy. Gögümtil gözleriniň içinde asmanyň gök reňki topragyň boz agraslygy görnüp duran bu ýaş ýigit olaryň hemmesiniň mygallymydy. Biz onuň şeýledigini aňardyk, ýöne özüne gönüläp aýtmazdyk. Beýle pikir ýaş ýigitde badyhowalyk döreder öýdüp çekinerdik… 121 Edebiýat iline her kim her hili gelýär. Biri tizlik bilen, birleri haýallyk bilen, Gurbannazaryň gelşi ýyldyrym ýaly boldy: bir gezek gowy lowurdap çykdy-da, gözümizden ýitdi. Emma şol bir gezekde etjek işleriniň eslisini etdi. Ol lowurdy uzak ýyllaryň dowamynda ýaş poeziýamyza sapak boldy. Gurbannazaryň aňy örän çalt işlärdi. Ýoldaşlary onuň ýanynda täze goşgularyny okap berenlerinde, ol derrew (hatda goşgy okalyp gutarmanka-da), nämäň nämedigine örän çalt düşünerdi. Onda goşgynyň özenini duýmak ukyby bardy… Gurbannazar Ezizowyň söýgüli şahyrlary Magtymgu- ly, Puşkin, Lermontowdy. Şolar hakda gürrüň açsaň, onuň ýüzi-gözi ýagtylybererdi. Şol üç ägirdi birikdirip, şolaryň sintezinden türkmen poeziýasyny ösdürip bilsedik diýen manyda meniň ýanymda kän gezek ýaňzydypdy. Onuň döredijilik ösüşi şol ugurdan hem gidýärdi. Bu bolsa uly perspektiwaly ösüşiň ugrudy. Şol ösüş gap-bilinden kesildi. Emma ol hakda entek-en- tekler kän gürrüň ediler…» Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling