Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet30/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuşlar:
1. «4-nji» goşgudaky «Adam üçin adam – iň uly derman» 
diýen sozüň manysyna nähili düşünýärsiňiz?
2. «6-njy» goşgudaky 
«Sag bol!» almak bilen garnyň doýanok,
Ýöne beýle ajam bolup baranok.
– diýen setirleriň manysyna nähili düşünýärsiňiz?
3. «12-nji» goşgudaky «Özüňi süýt saýgyn, dostuňy gaý-
mak» diýen nakyly klassyk
şahyrlarymyzdan haýsysynyň haýsy goşgularynda ula-
nanyny ýadyňyza salyň.
Olardaky tapawudy kesgitläň. 
4. Goşgulardan isläniňizi ýat tutuň we labyzly aýdyp 
beriň.


114
HALYL KULYÝEW
(1936–1978)
Görnükli şahyr 1936-njy ýylda Lebap welaýatynyň Bi-
rata etrabyndaky Şyharyk obasynda eneden dogulýar. 
Onuň ýaşlyk ýyllary Şyharyk obasy bilen bir hatarda Ga-
ragalpagystan Respublikasynyň Dörtgül etrabynda ýerleşen 
Kelteminar obasynda geçipdir.
Şahyryň kakasy Hywa medreseleriniň birinde bilim 
alan, öz döwrüniň sowatly adamlarynyň biri bolupdyr. 
Halyl 1943–1953-nji ýyllarda Birata etrabynyň merkez-
inde ýerleşen mekdep-internatyny gutarýar. 1955-nji ýyla 
çenli Düýeboýun obasynda başlangyç mekdepde mugal-
lym bolup işleýär. Okuwa, ylma bolan höwes Halyl Ku-
lyýewi Aşgabada getirýär. Ol 1955-nji ýylda Magtymgu-
ly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen 
fi lologiýasy fakultetine okuwa girip, çeper dil, şygyr bara-
daky çylşyrymly ylymlary, dürli beýleki ylymlary erjellik 
bilen öwrenýär.
1960-njy ýylda ýokary okuw jaýyny gutarandan soň, 
uniwersitetde mugallym bolup işleýär.
H.Kulyýew döredijilik işine talyplyk ýyllary çemeleşip 
başlaýar. Onuň ilkinji «Oňarmasaň sürme – diýdik» diýen 
goşgusy «Tokmak» žurnalynda çap edilýär. Soňra şahyryň 
goşgularynyň höwri köpelip, 1967-nji ýylda «Daň agarýar» 
atly ilkinji goşgular ýygyndysy peýda bolýar. «Daň aga-
ranyny» habar beren şahyr, 1977-nji ýylda «Säher salamy» 


115
atly ikinji goşgular kitabyny okyjylar köpçüligine peşgeş 
berdi.
Türkmenistanyň 
halk 
şahyry 
Baýram 
Jütdiýew 
H.Kulyýewi şeýle ýatlaýar:
«Inerler maýrylyp orta ýollarda galsa, merdiň gözüne 
ýaş aýlanýar. Gowy aýdym gap bilinden üzülende, biliňe 
depilen ýaly bolýar. Ýöne durmuş-da: inerleriňem öz yk-
baly bar, aýdymlaryňam… 
Ýalňyz bolsaň ýetişerin ýanyňa,
Seni ýeke goýman – diýen sözüň bar.
Ýatlamalaň dumanyndan çyk-da gel,
Alyslardan alyslarda galan ýar.
Halyl topragy döwletli ýerden alnan ynsanperwer ýigit-
di. Ol görmegeý dünýäni şahyr ýüregi bilen buýsançly söý-
di, gadymy Üstýurdyň memleketleriniň aýdymyny aýtdy, 
ak daňlara ýüzüni tutup, gülgün şäherlere ogullyk salamyny 
berdi. Biz söwer dostumyzy söýdük hem, megerem, ýeter-
lik söýmedik, goldadyk hem-de käbir halatlarda onuň gam-
laryny paýlaşyp bilmedik.
Ýeňşiň yz ýanlary. Bir topar çaga bazarçylaryň ýoluna 
seredip dur. Olaryň biri kakasyna garaşsa, ikinjisi agasyna 
garaşýar. Boýny buruk ýetim oglan hiç kime garaşanok. 
Ynha, birden goh turýar, «gelýärler» diýen begençli ses as-
mana galýar. Ýöne…
Gygyrdym: «Gelýärler-ä gelýärler...»
Emma welin gygyrardym bir çetde.
Halyl Kulyýewiň poeziýasynda bir topar öwüşgin göze 
ilýär. Onda ýumşaksy mylaýymlyk, ýürege juda golaý lir-
izm, inçe ýaňzytma, wäşi ýomak bar.
Şahyryň dil ussatlygyna gözüň gidýär. «Ýyldan ogryn-
ça», «Göwnüm seni küýseýär», «Şol gözele duşanymda şu 
gezek», «Sähralar», «Degişme» ýaly goşgular çeper diliň 


116
hökmürowan güýjünden kalbyňa hoştap bahar bolup girýär. 
Olarda şeýle bir şahyrana sözler bar – öz-özünden owaz 
tapyp jahanyň beýik sazlaşygyna goşulyp dur.
Men şu ýerde, esasan, onuň poeziýasy hakynda gürrüň 
etdim. Şahyryň islendik goşgularyny okaň, ol Halylyň 
ykbalynyň bir bölegidir. Şygyrlar gaty aýdyňlyk bilen 
awtoryň gowy ýüregini hem-de pes pälini ile ýaýyp duran-
dyr».

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling