Sorag we ýumuş:
1. Şahyr Watanyny nähili taryplaýar?
2. Goşgyny labyzly okaň. Bu aýdymy heňi bilen aýtmagy
öwreniň.
Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy
Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy,
Päkligiňde bolup bilseň şonça bol.
Sen sanama gara saçyň agyny,
Sen sag-aman öreniňe monça bol.
Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,
Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol.
Şat günleriň köp bolmanna gynanma,
Şat günleriň bolanyna monça bol.
Goňşyňy gozgama, göçmesin goňşyň,
Goý, öçmesin sen ölçerme oduny.
Aýaklaryň ätjek ädimin äder,
Göreçleriň görer görjek zadyny.
Mähribanym, diýarym,
Sensiň bu dünýä barym.
Gül deňizde ýaýnasam,
Galmaz zerre armanym.
Jeren oýnar dagyňda,
Guşlar saýrar bagyňda,
Illerimiz bagtyýar
Hoş sapaly çagyňda
Mähribanym, diýarym,
Sensiň bu dünýä barym.
Gül deňizde ýaýnasam,
Galmaz zerre armanym.
124
Säher turup, syl ýüzüňe dünýäni,
Giňligiňde bolup bilseň şonça bol.
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň,
Senden sowlup geçmeýänne monça bol.
Erbet bor bu baglar geçse deňiňden,
Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa.
Bagy ikiýana bulanda tupan,
Zerur çygy gül ýüzüňe degmese.
Gykuwlaşyp geçip gitse deňiňden,
Durnalaryň ýyllar kimin hatary.
Seni gozgamasa beýik ýaşaýşyň,
Çözülen hem çözülmeli mataly.
Şoň üçinem syl ýüzüňe dünýäni,
Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et,
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne şükür et.
Sorag we ýumuşlar:
1. Şahyr nämeler hakda pikir edýär?
2. Goşgynyň mazmunyny özleşdiriň we derňäň.
3. Goňşuçylyk barasyndaky türkmen halk nakyllaryny aý-
dyp beriň.
125
Do'stlaringiz bilan baham: |