155
Söýüp bu zemini asmany bilen,
Özüm üçin jennet mekan eýledim.
Obamyz Keltemnar, etrabym Dörtgül,
Şu mekanda ýaşlygymdan ýaýnadym.
Ybraýym agamyz waspyn ýetiren,
Garagalpak ilin mekan eýledim.
Soraglar we ýumuş:
1. Şahyr öz Watanyny çeper sözüň üsti bilen nähili
surat-
landyrýar?
2. Goşguda haýsy şahyrlaryň ady getirilýär?
Siz olary
bilýärsiňizmi?
3. Goşguda atlary agzalan şahyrlar barada gürrüň beriň.
Razy men senden
Maňlaýymdan sypap, gülende güldüň,
Meni durmuş gazanynda gaýnatdyň.
Gujagyňda ösüp, dünýäni söýdüm,
Ýaşaýan gül Watan, razy men senden.
Mydama halallyk boldy baýdagym,
Seniň gözelligiň gördi gözlerim.
Meniň üçin gujagyndan ýer beren,
Söýenim bu Watan, razy men senden.
Gündiz gülleriňi söýdüm hyrydar,
Gijeleriň bolsun mydam bagtyýar.
Dagyňy, bagyňy söýdüm elmydam,
Şonuň üçin Watan, razy men senden.
Özge ýerde diýselerem jennet bar,
Jennetim şu Watan, munda gudrat bar,
Menem gujagyňda bagtymy tapyp,
Ýaşaýan gül Watan, razy men senden.