Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet45/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuş:
1. S.Nuryýew nirede we haçan dünýä inýär?
2. Onuň edebiýata, döredijilige bolan söýgüsiniň döreme-
gine nämeler sebäp bolupdur?
Halkym
Tarypyň aýdaýyn zähmetkeş ilim,
Waspyň aýda-aýda ýadamaz dilim.
Mukaddesdir seniň tikeniň, gülüň,
Toýlaryň mübärek, mähriban halkym.
Ata-babalaryň ruhy medetkär,
Topragyň altyndyr, daýhanyň zergär,
Ýaradanyň özi bolsun saňa ýar,
Gerçek pälwanlary döreden halkym.
Zähmetiňden arşa çykandyr adyň,
Garaşsyzlyk boldy seniň binýadyň,
Taryha altyndan ýazyldy adyň,
Pagta ussadyny döreden halkym.
Bu toprakdan altyn döreden ärler,
Size başyn eger geljek nesiller,
Her bir işiňizden nusga alarlar,
Toprakdan altyny öndüren halkym.
Soraglar we ýumuş:
1. Şahyr öz halkyny nähili taryplaýar?
2. Watanymyzyň zähmetkeş ynsanlaryndan kimleri bilýär-
siňiz?
3. Goşgyny labyzly okaň.


159
Ene jan
Gujak açyp gelipdir,
Baýramyňyz ene jan.
Güldesse sowgat eder, 
Gyzlaryňyz, ene jan.
Meniň mähriban enem,
Sizi dünýä deňeýän.
Altyn, kümüşden gymmat,
Sözleriňiz, ene jan.
Ene sözi mukaddes,
«Käbäm» diýip, tutular.
Hassalaryň başyny,
Bir sypasa gutular. 
«Mukaddes Käbäm» diýip,
Sežde eden ötenler.
Soraglar we ýumuşlar:
1. Goşguda ene nähili wasp edilýär?
2. Şahyr enäni nämä deňeýär?
3. Siz eneler hakda ýene haýsy goşgulary bilýärsiňiz? 
Olary aýdyp beriň.
4. Goşgyny ýat tutuň.
Bagşydyň
Ýas baglady bu gün Kelteminar ili,
Terk etdi dünýäni saýrak bilbili.
Gözün ýumdy, indi, saýramaz dili,
Owazy äleme dolan, bagşydyň!
Oglanlykdan dutar boldy oýnagy,
Aýdym bolup çykdy, ýürek gaýnagy,
Dutary elinde, çermäp bilegi,
Enesini unutmaz,
Beýik bagta ýetenler.
Ene sözi ýaňlansa,
Kalplara guwanç bolar
Ene sözi ýaňlansa,
Gözlerde begenç bolar.
Başymyza täç edip,
Götersegem, az sizi.
Çünki, uly derejä,
Ýetiren sizler bizi.
Perzentleriň arzuwy:
– Aman bolsun başyňyz.
Mydama gülüp ýörüň,
Müňe ýetsin ýaşyňyz.


160
Ýaşlykdan ýoluny tapan, bagşydyň!
Magtymguly halypanyň şägirdi, 
Taryh bir döreder sen dek ägirdi,
Külli türkmen seni toýa çagyrdy,
Halypadan tälim alan, bagşydyň!
Tirmemi, dessanmy isläniň aýdar,
«Görogly», «Harmandan» ýykylyp gaýdar,
Pudagyny eger ol Miri Haýdar,
Dessanlaryň piri bolan, bagşydyň!
«Ýusup – Ahmet» diýseň joşup aýdardy,
Şirin mykam al-asmandan gaýdardy,
Ilat daňdan dagap, «sag bol» aýdardy,
Ilatyň göwnüni tapan, bagşydyň!
Belent başly Çynar sarsman otyrdy,
Türkmen halky söwer oglun ýitirdi,
Sungat bu gün bir ýyldyzyn batyrdy,
Ussatlygyň ile ýaýran, bagşydyň!
Arzuw-armanymyz syndy bilinden,
Dessan diňlejekdik saýrak dilinden,
Indi umyt edýäs, Kerim oglundan,
Onlan dessanlary bilýän, bagşydyň!
Ata türkmen bu gün matam baglady,
Burjy baglap, tebigatam aglady, 
Zar-zar aglap, öz bilbilin jaýlady,
Ýüreklerde yz galdyran, bagşydyň!
Altmyş bäş ýaşynda, Oraz aýynda,
Nury iman bersin, jennet jaýynda,
Kulum bagşy ýaşar, halkyň aňynda,
Öçmez ýüreklerde galan, bagşydyň!

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling