Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet53/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar: 
1. Çapar Hindistana näme üçin gidýär? 
2. Adamlar oňa näme üçin dogry ýoly görkezmändirler? 
3. Bakylyk daragty näme eken? 


179
Ogurlanan goýun hakynda hekaýat
 
Bir şäherli goýun alyp bazardan, 
Köpçülikden iýdip barýarka, birden, 
Eliniň birhili ýeňlänin duýup, 
Görse, gysymynda bir bölejik ýüp. 
Ogrulara olja bolupdyr goýny, 
Oň lapy keç bolup, sallanan boýny. 
Tapjak bolup, eýläk-beýläk aýlanýar, 
Ahyr ýüzün sallap, ýola şaýlanýar. 
Ogry oturşyna guýyň başynda, 
Dat edýärmiş, gözi degre-daşynda. 
Goýny ogurlanan sorap oň halyn: 
«Nä ah çekýäň? – diýen – et maňa mälim». 
Onuň aňkawdygny bada-bat duýan 
Ogry: «Gapjygymy gaçyrdym» diýen. 
«Içindäki tutuş ýüz dinar pulum, 
Guýa gaçdy. Mundan gowudyr ölüm.
Eger kim çykarsa, guýyň düýbünden, 
Ýigrimsini şoňa bagyş etjek çyndan.»
Aňkaw kişi gidip ogryň alyna, 
Düşen aňsat baýamagyň ýoluna. 
Oýlanan: «Edenňe şükür, biribar, 
On goýuna ýetýär ýigrimi dinar. 
Taňryň meni gözden salmany belli, 
Goýnum düýe bolup, öwrülip geldi!»


180
Doga sanap, özün guýa uranmyş, 
Ogram eşiklerni alyp, jyranmyş…
Eý, bende, bir işi kylmazdan ozal, 
«Ýedi ölçäp, bir kes». Ätiýaçly bol. 
Işiň soňun saýman, howluksaň beter, 
Ol seni betbagtlyk guýsuna iter. 
Soraglar we ýumuş:
 
1. Goýnuň eýesi näme üçin ogryň ýanyna barýar? 
2. Ogry näme sebäpli zeýrenýär? 
3. «Ýedi ölçäp, bir kes» diýen nakylyň manysyny düşün-
diriň.


181
ALYŞIR NOWAÝY
(1441–1501)
Türkmen halkynyň hem taryhy, hem 
edebi geçmişi Orta Aziýa, aýratyn-da 
Nowaýy bilen baglanyşyklydyr.
M.Kösäýew
Alyşir Nowaýy Gündogar edebiýatynyň beýik klassyk
şahyry. Ony türkmen halky öz zamanasynyň uly döwlet
iş gäri, ökde dilçisi, tanymal sazandasy, meşhur surat-
keşi, zähmet keş halkyň hemaýatçysy, magaryfçysy, ylma, 
medeni ýete hormat goýujy hökmünde tanaýar.
Alyşir Nowaýy 1441-nji ýylyň 9-njy fewralynda häzirki 
Owganystanyň Hyrat şäherinde eneden bolýar. Onuň ka-
kasyna Kyýasetdin Kiçgene diýer ekenler. Ol Horasan 
şasy Ebulkasym Baburyň emeldarlarynyň biri eken. Alyşir 
ýaşlykdan örän zehinli bolupdyr. Ol eýýäm 4-5 ýaşlaryndaka 
oňa pars, türki dillerindäki eserleri okamagy öwredipdirler. 
Alyşir 6 ýaşdan başlap, Hüseýin Baýkara (Soltansöýün 1437–
1505) bilen bir mekdepde okaýar. Ol Gündogar edebiýatynyň 
görnükli şahyrlarynyň eserlerini işdämenlik bilen okaýar. 
Mundan başga-da, şol döwrüň güýçli sazandarlaryndan sapak 
alýar. Alyşir Nowaýynyň ilki gowy gören şahyry Lutfy bo-
lupdyr. Lutfy öz döwründe türki dilinde eser ýazýan meşhur 
şahyr ekeni. Nowaýy türki dilde ýazan goşgularyny oňa okap 
berer eken. Şu zeýilli goşgularynda Alyşir «Nowaýy» (owa-
zly) lakamyny ulanypdyr. Şundan soň onuň ýörgünli ady 
Nowaýy bolup galypdyr.
Alyşir Nowaýy 12-13 ýaşlaryndaka kakasy ýogalyp, şol 
döwrüň däbi boýunça patyşanyň – Ebulkasymyň hyzma-


182
tynda bolmaga mejbur bolupdyr. Şol mahal Hüseýin Baýka-
ra hem Ebulkasymyň gullugynda eken. 1456-njy ýylda Eb-
ulkasym Nowaýyny hem-de Hüseýin Baýkarany Maşada alyp 
gidýär. Nowaýy bu ýerde-de okuwyny dowam etdirip, belli 
alymlar bilen tanyşýar. 1457-nji ýylda Ebulkasym Maşatda 
ýogalýar. Tagtdan hantama Hüseýin Baýkara Mara gaýdýar. 
Emma Nowaýy Maşatda galyp, okuwyny dowam etdirýär. Ol 
diňe edebiýat bilen meşgul bolman, matematika, fi losofi ýa, 
taryh ylymlaryna-da üns berip ugraýar. Nowaýy bu ýerde şol 
döw rüň görnükli şahyry hem-de alymy Abdyrahman Jamy 
(1414 – 1492) bilen tanyşýar. Onuň bilen ýakyn aragatnaşyk 
saklaýar.
1464-nji ýylda Alyşir Nowaýy Maşatdan Hyrada gaýdýar. 
Bu ýerde alymlar, şahyrlar, sungat işgärleri bilen aragatnaşyk 
saklaýar. 1469-njy ýylda ýöriş wagtynda Abusagyt ölýär. 
Hüseýin Baýkara bolsa özüni Horasanyň şasy diýip yglan 
edýär. Hüseýin Baýkara Nowaýyny özüne möhürdar edip 
alýar. Nowaýy şahyrlar, sungat işgärleri bilen ysnyşykly 
aragatnaşyk saklaýar. Ol edebi döredijilik işi bilen içgin 
meşgullanýar. 
1487-nji ýylda Alyşiri Astrabada «häkim edip belleýär-
ler». Nowaýy Astrabada häkim bolup baranda-da dörediji-
lik, syýasy-abadançylyk işlerini dowam etdirýär. Nowaýy bu 
ýerde türki dilde ýazan goşgularyny toplap, «Manylar ha-
zynasy» ady bilen ýygyndy (diwan) edýär. Nowaýy Astra-
batdan Hyrada dolanyp gelenden soň, agyr kesele sezewar 
bolýar we 1501-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda dünýäden ötýär. 
Nowaýynyň gubury häzir Hyrat şäherinde.
Nowaýynyň edebi mirasy biziň üçin gymmat hazyna. Ol 
otuza golaý şygyr ýa-da kyssa bilen ýazylan eserleriň awtory-
dyr. Ol eserlerde taryhy, yşky-liriki, ahlaky, fi losofi k pikirler 
beýan ediýär. 
Nowaýy 1483-nji ýylda özüniň ajaýyp «Hamsasyny» 
(«Hamsa» araplaryň «hams» – «bäş» diýen sözünden) ýazyp 


183
başlaýar hem-de ony 1485-nji ýylda gutarýar. «Hamsanyň» 
iň göwrümli eserleriniň biri-de «Perhat we Şirindir» (1484).
Türkmen şahyrlary Nowaýyny özleriniň halypasy hasap 
edýärler. Türkmenler arasynda Nowaýynyň eserleri, ol 
barada döredilen rowaýatlar, şorta sözler, legendalar, «My-
raly we Soltansöýün» (1941), «Myraly» (1948) atlary bilen 
ýörite kitapça görnüşinde çap edildi. Nowaýynyň eserleri
türkmen bagşylarynyň arasynda uly şöhrata eýe boldy.

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling