Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
- Bu sahifa navigatsiya:
- Sözlük we düşündiriş: 1. Mahluk
- 7. Näkes
- 9. Jöhit, tersa, mümin
Soraglar we ýumuşlar:
1. Omar Haýýam näme ücin adamzady ähli ýaradylan jan- darlardan ýokary saýýar? 2. «5-nji» rubagynyň manysyna nähili düşünýärsiňiz? 3. «11-nji» rubagyda «Ýagşylyga – ýagşylyk; her kişiniň işidir, ýamanlyga – ýagşylyk är kişiniň işidir.» diýen halk nakyly bilen nähili baglanyşyk bar? 4. «15-nji» rubagyda pala, gurra uýmak, yryma ynanmak bilen baglanyşykly nähili pikir aýdylýar? 5. «6-njy» we «17-nji» rubagylary deňeşdirip, manysyny düşündiriň. 169 Sözlük we düşündiriş: 1. Mahluk – ýaradylan jandarlar. 2. Ger – eger. 3. Rüstem Zal – Ferdöwsiniň «Şanama» eseriniň baş gahry- many. 4. Hatam – araplaryň taý tiresinden bolup, sahy adam bo- lanmyş. Gündogarda şahylygyň simwoly. 5. Kes – adam diýen manyda. 6. Agaç – 6 km-e barabar bolan uzynlyk ölçegi. 7. Näkes – ýaramaz gylykly adam. 8. Jemşit – Ferdöwsiniň «Şanama» eserinde duş gelýän ga- dymy patyşalaryň biriniň ady. Rowaýata görä, Jemşidiň bir ažaýyp jamy bolanmyş, şol jamyň içinde, dünýäniň hemme ýeri görnüp duranmyş. 9. Jöhit, tersa, mümin – aýry-aýry dinlere uýýan toparlar. (Jöhit – ýewreý, musaýy, tersa – hiristian, mesihi, haçparazlar; Mümin – imanly, musulman). 10. Akyl – (a:kyl) – akylly. 11. Ykrar – bu ýerde: söz, wada. 12. Kaza – bu ýerde: öz wagtynda okalmadyk namazy soňra okamak. 13. Asan – aňsat, ýeňil. Omar Haýýamyň ýaşan döwri ençeme galagoply waka- lar bilen doludyr. Tagt üstündäki dawalar, ýurt üstündä- ki söweş ler, barly gatlaklaryň öz baýlykaryny köpeltmek ugrun daky pyssy-pujurlyklarynyň barysy halk köpçüligi bo- lan garama ýak laryň gün-güzeranyny has-da kynlaşdyrypdyr. Şeýle sosial deňsizlikleri gözi bilen görensoň, pes gatlak- daky adamlaryň halyna duýgudaşlyk bildirmän durmandyr. Bu durmuş haky katyny öz rubagylarynda dodruçyl beýan edipdir. Ol bir rubagysynda: Her kime syrymdan gep açabilmen, Gysga sözlüdirin, köp saçabilmen, Aýdyp bilmeýärin hal-ahwalymy, Gizlin syrlarym bar, leb açabilmen – 170 diýmek bilen, dogry sözi üçin hem adamlaryň ýanalýandyg- yny çekinmän aýdypdyr. Şahyryň rubagylarynda ynsana belent söýgi, adam mer- tebesi, dünýewi ýaşaýyş, saz-söhbet… barada progressiw ide ýalar öňe sürülýär. Omar Haýýamyň rubagylary gumanizm duýgusyna ýugru landyr. Onuň pikiriçe, milletine, dini ynanjyna ga- ramazdan, hemme adamlar deňdirler; bu babatda olaryň mertebesi hiç haçan basgylanmaly däldir. Jahana ýetsedi mendäki kuwwat, Bu harap düzgüni ederdim berbat, Ýaňadan salardym şeýle bir dünýä, Adamlar islegne ýeterdi aňsat – diýip, şahyr öz döwründäki jemgyýetiň gurluşyndan, onuň «harap düzgünlerinden» zeýrenipdir. Ony «berbat etmegiň», ýykmagyň, onuň ýerine «adamlaryň islegine aňsat ýetýän dünýäsini ýaňadan salmagyň» pikirini edipdir. Şahyr haky- kat ýüzünde, muny başarmadyk hem bolsa, ol adamlara ruhy güýç berýän başga bir dünýäni – Poeziýa älemindä- ki «Rubagy» dünýäsini dikeltmegiň hötdesinden geldi. Bu «dünýä» ony dünýä ýüzünde meşhur etdi. Omar Haýýamyň rubagylary dünýä dilleriniň köpüsinde höwes bilen okalýar. Berdi Kerbabaýew, Rahman Rejepow, Baýrammäm- met Ahundow, Annaly Berdiýew ýaly belli ýazyjylar, edebiýatçylar Omar Haýýamyň rubagylarynyň köpüsini türkmen diline terjime etdiler. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling