Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
- Bu sahifa navigatsiya:
- Soraglar: 1.
Soraglar:
1. Rumy nirede dünýä inýär? 2. Akyldar haýsy şäherlerde bolupdyr? 3. Ol haýsy eserleri ýazypdyr? Itiň ýatak salnyşy hakynda hekaýat It diýilýän jandar golaý gelip gyş, Sepeläp başlanda gar bilen ýagyş, Aç-hor syňsyraşyp, zat düşmän garna, Hamlary ýelmeşip gapyrgalarna, Inýänçä başyndan musallat, towky, Dünýäsi daralyp, gaçýança eňki, Gezip-gezip agyr hala düşensoň, Arzuw eden bolup başlarmyş onsoň: «Şu aldajy gyşdan sag-aman sypsam, Tomus ýatak gurmaň, ugruna çyksam…» Diýip gyssananda göwün ýüwürdip, Soňra ýatdan çykarşyny kän gördük. Adamlaň käsine edil şoň ýaly, Başyndan inende dünýäň gowgasy, Kynçylyk, muşakgat gysyp-gowranda, Gider ugrun bilmän, ýanyp, jowransa, Şol it ýaly, boldan berse-de wada, Soň ýatdan çykarmak bolupdyr kada. Soraglar: 1. It öz öňünde nähili maksat goýýar? 2. Ol näme üçin öz maksadyny unutdy? 174 Hor düşen eşek hakynda hekaýat Bir suw çekýän bendäň eşegi barmyş, Gije-gündiz agyr işde haýdarmyş. Görýän güni ejirlimiş, agyrmyş, Suw çekmekden ýaňa gerşi ýagyrmyş. Näçe işlese-de, çekse-de azap, Ýokmuş doýa garna iýer ýaly zat. Horlugyndan ýaňa somalyp süňki, Biçäre eşegiň agypdyr eňki. Arpadan doýmagy etse-de arzuw, Oňa ýetmän hörek – sypal bilen suw. Maňlaýna ýazylan kysmatdyr, belki, Hat-da şolam tapylanok bol-telki. Şeýle ýagdaýdaka günleň bir güni, Şanyň atbakary görenmiş ony. Haýpy gelip biçäräniň halyna, Eýesini çagyrypdyr ýanyna: «Ýüregiň daşmy seň? Gör-ä bolşuny, Atlar bilen bile bakaýyn muny». Diýende, eýesi bolup hoşwagt, Aýdan: «Bu meň üçin ullakan bagt…» Şeýdip, eşek atýataga düşüpmiş, Çar töwerek oň gözüne köşkmiş. Bakan taýy ap-arassa, suwlanan, Günüň-güni arpa iýýärmiş olam. Eşek oýlanypdyr: «Dogrymy diýsem, Şundan uly bagt barmyka eýsem? 175 Häzire çen nälet siňen deý ylla, Ýekeje gün dok bolmadym, eý, Alla. Ömrüm – gyş, görmedim hözirin ýazyň, Men eşegem bolsam, ýaradan özüň. Ýaşaýşyma höwes galman göwünde, Ölümi diledim günüň-gününde. Hut jennetde ýaly atlaň durmuşy, Adalatsyz eken dünýäň gurluşy.» Birdenem adamlar dowla düşüpdir, Ol asuda ýurtda jeň tutaşypdyr. Ýatakda mes duran atlaryň bary, Eýerläp sürülýär söweşe sary. Ýigitler atlanyp olaň üstüne, Tizden-tiz çykýarlar duşman kastyna. Gylyçdan ot syçrap, peýkamlar şuwlap, Sen atmyň, adammyň… Goýanok sylap. Syna peýkam çümüp, aýagy döwlüp, Köp atlar ýataga gelýär öwrülip. Gylyç diýlen, syna çümen peýkamdan, Bedenden syrygyp akýan al gandan. Atýatagyň içi görer ýaly däl… Eşek muny synlap, öwürýär hyýal: «Gideýin eýämiň ýanna dolanyp, Mundan müň paý gowy aç-hor bolanym. Men başarman oka döşüm germäni, Iýen iýsin bu belaly arpany. Alla, günämi geç, gepledim küpür, Öňküje günüme ýüzde-müň şükür» |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling