Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
Dessanyň gysgaça mazmuny. Garagalpak halky agzy-
bir hem abadan durmuşda ýaşaýan eken. Sarkop galasynyň hökümdary Allaýaryň gyzy Gülaýym kakasyndan Miweli atly ýeri peşgeş alýar. Bu ýerde Gülaýym gyz hem-de onuň kenizleri üçin demir diwarly, polat bilen çoýundan edilen derwezeli gala gurup berýärler. Gülaýym gyz bilen kyrk keniz galada diňe bir ýaşamak bilen çäklenmän, eýsem, olar harby tälimleri geçip, batyr esgerler – Watany goraýjy- lar bolmaga taýynlanýarlar. Basym galmyklar Sarkop gala- syna çozup, Gülaýym gyzyň kakasyny öldürýärler. Galmyk hany Surtaýşa garagalpaklary tozdurýar, obalaryny talaýar. Sarkoplylaryň oglanlaryny gul, gyzlaryny gyrnak edip äkidýär. Şu ýerde Gülaýym gyzyň öz kyrk kenizi bilen öwrenen harby tälimleriniň peýdasy degýär. Olar eden zalymlyklary üçin galmyk hany Surtaýşadan ar almagyň we sarkoplylary ýesirlikden halas etmegiň ugruna çykýarlar. Gülaýym gyzyň ýolbaşçylygynda gaýrata galan kyrk gyz galmyk hanlary Surtaýşany we Garkoşygy ýeňip, tozdurylan il-güni üçin ar alýarlar, watandaşlaryny ýesirlikden halas edýärler. Bu işde olara Gülaýym gyza çyn ýürekden aşyk bolan horezmli päl- wan Arslan yhlas bilen kömek edýär. Ýöne Gülaýym gyz bilen kenizleriniň hem-de Arslanyň görkezen gahrymançy- lyklary diňe şunuň bilen tamamlanmaýar… Eser dört bölüme bölünip berlipdir. Mekdepde okamak hem öwrenmek üçin hödürlenýän bölümde Gülaýymyň ýolbaş çylygyndaky kyrk gyz awa gidende, galmyk hany Surtaýşanyň garagalpaklaryň üstüne çozuşy, Allaýar hanyň söweşde ölşi, Gülaýymyň alty sany erkek doganynyň namartlyk edip gaçyp ýörşi, Surtaýşanyň halky talaýşy we ogul – olja, gyz – ýesir edip sürüp gidişi, adamlaryň mer- dana kyrk gyzdan kömek tamakin bolşy hakynda söhbet açylýar. 13 – Edebiýat, 6-njy synp |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling