Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet58/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   54   55   56   57   58   59   60   61   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuşlar: 
1. Soltansöýün näme üçin gysga ýorgany bürenip ýatyp-
dyr? 
2. «Gysga ýorganyň» çözgüdini kim tapýar? 
3. Näme sebäpden Myraly Soltansöýüniň atynyň guýrugy-
ny kesýär? 
4. «Ýorganyňa görä aýak uzat», «Ýakma – bişersiň» diýen 
nakyllaryň manysyny düşündiriň. 


192
5. Hekaýanyň böümleriniň mazmunyny ýatdan aýdyp 
beriň. 
6. Powestiň galan bölümlerini özbaşdak okaň.
«KYRK GYZ» EPOSY
«Kyrk gyz» garagalpak halk eposynda daşary ýurt basy-
balyjylaryna garşy göreş yşk-söýgi temasy bilen utgaşykly 
açylyp görkezilýär. «Kyrk gyz» dilden aýdylyp gelinýän 
halk döredijilik eseridir. Epos 1940-njy ýylda garagalpak 
aýdyjysy – bagşysy Kurbanbaý Täjibaýewden ýazylyp 
alynýar. Dessanlar – her bir halkyň dilden aýdylýan iri 
göwrümli halk döredijilik eseri bolmak bilen, olarda, 
esasan, gahrymançylyk, yşk-söýgi temalary köp işlenilýär. 
Dessanlaryň halkyň arasynda aýdylmagyna, olaryň barha 
kämilleşmegine aýdyjy ozanlar örän uly täsir edipdirler. 
Olar toý-baýramlarda uly göwrümli eserleriň goşgularyny 
saza goşup, ýatdan aýdym edip aýtmagy başarypdyrlar. 
Munuň üçin juda uly ýatkeşlik gerek bolupdyr. Üstesine-de, 
aýdyjy ozanlar özleriniň aýdýan dessanlaryna döredijilikli 
çemeleşip, ony has-da ösdüripdirler. «Kyrk gyz» eposy 
hem halkyň arasynda aýdyjy ozanlar tarapyndan aýdylyp, 
kämillige ýeten eserleriň biridir.
Epos boýdan-başa şygyr görnüşinde ýazylypdyr. Onda 
garagalpak halkynyň watançylygy baradaky pikirler öz 
beýanyny tapypdyr. Eposda batyr, gaýratly garagalpak 
gyzy Gülaýymyň ýurdy keseki basybalyjylardan goramak 
üçin alyp baran batyrgaý söweşleri aýdyň beýan edilipdir. 
Gülaýym gyz özüniň kyrk gyzy bilen daşky duşmana garşy 
göreşip, edermenlik görkezýär. Gülaýym bilen Arslan ag-
zybirlikde Nedir şany hem ýeňmegi başarýar. Ýeňişleriň 
gözbaşy garagalpak halkynyň aň-düşünjesinde watançylyk 
duýgularynyň ösenligindedir.
Watana söýgi, il-ýurdy duşmandan goramak, yşk-söýgi, 
gahrymançylyk eseriň esasy temalarydyr.


193

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   54   55   56   57   58   59   60   61   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling