Adabiyot 6 (Turkm). indd


OGUZ OGLY GÜN HAN PADEŞALYGYNYŇ ZIKRI


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet66/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

OGUZ OGLY GÜN HAN PADEŞALYGYNYŇ ZIKRI
Oguzdan soň Gün han kim, oglanlarynyň iň ulugy erdi. 
Oguzyň ýerine tagta çykyp oturyp, ýetmiş ýyl padeşahlyk 
kyldy. Oguz bir şäher bina kylyp, adyny Ýeňikent goýup erdi 
we bir kişini aňa häkim kylyp erdi, zyýada akyl we kafi ý al-
Muhammet (mühümi bitirýän) kişi erdi. Adyna Yrgyl Hoja 
diýr erdiler. Yrgyl sözüniň manysy «özüne tartmak» we 
hoja manysy «ulug» diýmekdir.


214
Bu Yrgyl Hoja ruzgär-dide (durmuşy gören) bir garry 
kişi erdi. Hyzmatyň hakyny ödejek bolup, ol Oguzyň oglan-
laryna örän muşfyk we mähriban erdi. Ol bir güni Gün hana 
diýdi kim: «Oguz ulug padyşah erdi. Tamam älemni basyp 
alyp, köp hazynalar we mal ýygyp erdi. Indi olar tamam 
siziňki turur. Siz hem alty ogulsyňyz we Allatagala perma-
ny birle ýigrimi dört ogluňyz bar turur kim heriňize tört 
oguldan bolgaý».
Indi maslahat ol turur kim her birige bir mansab (dereje) 
we şugl (iş) we amal taýyn we nyşanlar tälim edilgeý, diňe 
şolara degişli hem meşhur bolgaýlar kim, sizden soň biri-
birine dawa we jedel kylmagaýlar. Olaryň perzentleri hem 
öz ýol-yzlaryny bilgeýler kim, döwlet pugtalygyny ýar-
damçy we at abraýly bolgaýlar.
Bu hekaýat Gün hana deňsiz hoş gelip, bu Yrgyl Hojaga 
buýurdy kim: «Nämäni maslahat bilseň, andag kyl!»
Yrgyl Hoja ol alty ogul kim, Oguz olara Bozok we Üçok 
lakam berip erdi we ýigrimi tört ogul kim, olardan önüp 
erdi, her birine bir lakam goýup, bir tamga muaýýan (belli) 
kyldy kim, mallaryna tamga basgaýlar. Olar şol tamgalar 
birle mallaryny parh etgeýler.
Yrgyl Hoja ýene her bir ogulga guş muaýýan (belli) 
kyldy kim, anyň uýguny bolgaý.
Uýgun «abyk bolsundan» mustak (gelip çykýar) turur, 
ýagny «mübärek» bolgaýlar. 
Bu ýigrimi dört oguldan her kişiniň şarhyny 
(düşündirilişini) olaryň adynyň astynda ýad kylarmyz, bu 
jümläge kim markum turur.
DIFA (topar)
Üç ogul kim, olaryň içinde ulugraklary erdi we Oguz 
olaryň adyny Bozok kylyp erdi we Yrgyl Hoja olaryň per-
zentlerine bir ism (at) we lakam goýup erdi, kim her kişi 
olaryň toparyndan bolsa, süňk we guşa mahsus bolup, bir-
birege azar bermegeýler we ol nyşanlar birle halaýyk olary 
tanagaý.


215

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling