Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet69/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   65   66   67   68   69   70   71   72   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Ömür gürlewügi
Ömür gürlewügi ötýänça ýagşy at gazanjak bol. Iň uly 
pent şudur: hergiz lebziňi ýuwutmagyn. Lebziňi ýuwdan 
adam bilen ikinji gezek hiç haçan ýoldaş bolmagyn, işem 
salyşmagyn. Adamyň ýekeje halal zady bardyr, olam lebzi-
dir. Lebzini ýuwudýan adamlardan näçe gaça durdugyňça, 
şonça bereket taparsyň, rahat taparsyň, kanagat taparsyň. 
Şonda ýagşylara saýylarsyň. Ýagşy-ýamany tanar, ylymly-
ylymlyny, pis-pisi, ogry-ogryny, ýaňra-ýaňrany. Otur-turda 
öwünmegin, bir nakyl mydama ýadyňda bolsun: «Akylly 
dostuny öwer, kemakyl – aýalyny, samsyk – özüni».
Utanç we haýa
Ikisem meňzeş ýaly. Uýat bilen şerime-de ýakyn ýaly. 
Emma tapawudy bar. Utanç ilden utanmak, adamlardan, je-
ma-gatdan utanmak. Sen köplenç ilden utanyp, köp biedep-
likleri edeňok, ýoldan çykaňok. Illeriň gürrüň ederinden, 
utandy-raryndan çekinýäň, gorkýaň, ýygrylýaň. Kähalatlar-
da ýygralygy-da utanjaň diýýärler. Özüni oňarmaýan ýigit 
utanjaň bolar hem diýýändirler. 
Haýa welin öz-özüňden utanmak ekeni. Ilden, goňşu-
lardan, jemagatdan däl, öz wyždanyňdan, öz namysyň dan 
uýalmak ekeni. Haýasyzlyk ahlagyna, seniň wyždanyňa, 
akylyňa sygmaýan, laýyk gelmeýän iş ekeni. «Akylsyzda 
haýa bolmaz, haýasyzda iman bolmaz». Akyl ýetik bolsa 
haýany biler. Çaganyň we ulalyp oňalmadyklaryň akyly ýe-
tik däl, şol zerarly olar haýany bilenoklar. 
Utanç bärkiräk, ýüzleýräk, agramsyzrak zat bolup, haýa 
düýpli, çuňňur zat – özem sogaplaryňy, at-abraýyňy iýýän, 
ýuwudýan hereket bolmaly. 
Jedel
– Bäbek aga, siz öňki geleniňizde Keýmir körden kän 
gürrüň beripdiňiz. Ýene bilýäniňiz bolsa aýtsaňyzlaň. 
– Keýmir körmi? Aý, ol bende Ylahydan gurlandyr. 
Onuň her bir aýdanyny doga gaplaýmalydyr. 


223
Ynha, onuň üç gelniň jedelini çözüşini diňlesene. 
Uly akaryň boýunda üç gelin kir ýuwup oturan ekeni. 
Üçüsiniňem ýanynda oguljyklary palçyk oýnap otyrlar. 
Gelinler Keýmiriň gelýänini görüp, bir zat sorajak 
bolýarlar-da utanýarlar. Keýmir muny aňyp: «Soraberiň, 
gelinler» diýýär. 
– Biz üçimiz häliden bäri jedel edip otyrys, hem pikir 
ýüwürdýäs: Biziň şu çagajyklarymyz ulalanda nähili bolar-
larka – Nökermi? Mollamy? Çarwamy, çolukmy? Gorkak-
my – batyrmy? 
– Ony ynha, biläýeris – diýip, Keýmir aga ýaňagy possujak 
saryýagyz oglanjygyň gulagyndan tutdy-da, ýaňagyna şarpyk 
çaldy. Çagajyk ulili bilen lägirip, nadaralyk baryny etdi. 
– Bujagaz-a, ulalansoň gorkak bolar – diýip, onuň saryja 
gulpagyny sypalap, zordan köşeşdirdi. 
Bu tomaşa barmagyny sorup, seredip duran beýleki 
oglanjygyň gulagyndan tutdy-da, muňa-da şarpyk çaldy. 
Çagajyk şarpygy ýokuş gördi-de, ilki ernini gyşartdy-da, 
soň Keýmir aganyň ýüzüne çiňerilip, ýaranjaň ýylgyrdy. 
– Bu çaganyň haýsyňyzyňkydygyny bilemok welin, ulal-
sa dönük bolaýmagy ähtimal. 
– Eý, huda, çüf, çüf, daş edewersin – diýip, sypanjaň 
tokga gelin balasyny bagryna basdy. 
Keýmir üçünji oglanjyga tarap ýöneldi welin, ol tar-
sa turup, gaharlanyp topuldy. Ýaşuly onuňam gulagyndan 
mäkäm tutdy-da şarpyk çaldy. Çaga jyňkyny çykarman, 
gözüni sykman, Keýmir köre kiçijik elini ençe gezek salgap 
urdy. Muňa-da razy bolman, ýaşulynyň elini dişledi. 
– Ynha, bujagaz ulalansoň batyr bolar, batyr. 
Jana
Keýmir kör dagy bir topar bolup, obanyň çetinde 
ýaşaýan biriniň täze bolan ogluny gutlap, pişmesini iýmäge 
barýan ekenler. Ýetip barýarkalar, bäbejigiň «iňňä-iňňä» 
diýip, aglaýany eşidilýär.


224
Muny eşiden Keýmir aga: 
– Jana! Jana! – diýip begenýär. 
Ýoldaşlarynyň biri muny geň görüp soraýar: 
– Keýmir aga, düýn Çerkez çomagyň ogly hem «iňňä-
iňňä» diýende oňa näme üçin jana diýmediň? 
– Heý, balam – diýip, Keýmir kör aladaly şeýle jogap 
beren: 
– Çerkez çomagyň çagasy, ynha, ulalar-da: «Eje, hany 
meniň ýüpüm bilen oragym» diýer. Bujagaz bäbejik bolsa, 
ulalanda: «Kaka, hany meniň atym bilen ýaragym» diýer. 

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   65   66   67   68   69   70   71   72   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling