226
üzeňňä basyp, ýabyň üstüne bat bilen towsupdyr welin, ter-
sleýin atlanyp oturyberipdir. Ýanyndaky adamlar:
– Haý, Ependi, sen atyňa tersleýin atlanan ýaly-la. Ol
nämäň alamaty? – diýip sorapdyrlar.
Onda Ependi:
– Atlanyşym-a dogry welin, ýöne maňa duşan ýaby çep-
bekeý eken – diýip jogap berenmiş.
Haý, ýeteweriň!
Bir gün Ependi gaty ajygypdyr. Ol öňüne
gelen gyzgyn
çorbadan bada-bat bir çemçäni dolduryp içipdir. Gyzgyn
çorba onuň içine gor guýlan ýaly edipdir. Şundan Ependi
bagyryp turupdyr-da, köçe bakan ylgapdyr. Ol ulili bilen:
– Haý, adamlar, tutaweriň! Ýeteweriň-de söndüreweriň,
içden otlandyrlar-la, how! – diýip gygyrýarmyş.
Utanjymdan sandykda gizlendim
Bir gün Ependiniň öýüne ogry giripdir. Ependi ogry-
ny görüp, hasyr-husur sandykda gizlenipdir. Ol öýüň içini
akan-dökän edip, meňki bolsun diýer ýaly
derekli zat tap-
mandyr. Ogry «şu sandykda dagy bir alaýar ýaly
zat ta-
pylmazmyka» diýip, sandygy açsa, içinde Ependi oturan
eken. Ogry özüni ýitirip:
– Sen asyl bu ýerdemi? – diýip tanyşsyran bolupdyr.
Ependi hem mekirlik bilen:
– Öýümde saňa ogurlar ýaly
zat tapylmajagyny bilip,
utanjymdan sandykda gizlenäýdim – diýip ýyrşarypdyr.
Ýykylmajagam bolsam düşjekdim
Bir gün Ependiniň eşegi büdräp, ony ýykypdyr. Töwer-
ekde duran oglanlar:
– Haý, Ependi ýykyldy-da, Ependi ýykyldy –
bolşupdyrlar.
Ependi hem olara ýüzlenip:
– Siz entek hem ýaş bolýaňyz, hiç zada düşüneňizok.
227
Men ýykylmadyk bolsamam düşjek bolup gelýärdim –
diýip, gaýtam özlerini müýnürgedip barýarmyş.
Do'stlaringiz bilan baham: