225
Ependi:
– Itiň aňsady. Bu golçany men gaty irden bäri tanaýan.
Ol ilki başda bir kiçijik gutudy. Soň ol eýesiniň elinde ulal-
yp, golçalyga ýetdi. Men ony şol kiçijik gutulygyndan bäri
tanaýan – diýip, gepini gögertjek bolupdyr.
Köne aýy näme edýärler?
Günleriň birinde Ependiden:
– Täze aý doganda könesini näme edýärler? – diýip
sorapdyrlar.
Onda Ependi:
– Ony owunjak-owunjak kesişdirip, ýyldyz edýärler –
diýip jogap beripdir.
Men heniz ýaş bilbil
Bir gün Ependi biriniň bagyna giripdir-de, agaja çykyp,
erik iýmäge başlapdyr.
Bagyň eýesi gelip:
– Ýeri how, bu agajyň üstünde näme işläp otyrsyň? –
diýip sorapdyr.
Ependi bolsa:
–
Men bilbil, agajyň üstüne çykyp saýraýan – diýip
jogap beripdir.
Bag eýesi:
– Ýagşy, o zeýilli bolsa, hany, saýra, eşideli! – diýipdir.
Ependi saýrap başlaýar.
Bagyň eýesi ýylgyryp:
– Heý, bilibilem şeýle saýrarmy? – diýipdir.
Onda Ependi:
– Men heniz ýaş, tejribesiz bilbil, bar saýrap bilşim şu –
diýipdir.
Do'stlaringiz bilan baham: